Sepleriň elýeterliligi

Gulam Salyr: Aýdym-saz gadymdan gelýän däbimiz


Türbet-jam şäherinde ýaşaýan salyr türkmenleriniň meşhur bagşysy Gulam Salyr

Türbet-jam şäherinde ýaşaýan salyr türkmenleriniň meşhur bagşysy Gulam Salyr

Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan welaýatynda ýaşaýan salyr türkmenleri ýat ýurtda ýaşaýandyklaryna garamazdan özleriniň milliligini gowy gorapdyrlar. Olar türkmeniň aýdym-saz sungatyny diňe bir dowam etdirmeklik bilen çäklenmän, onuň halkara derejede tanalmagyna we kämilleşmegine hem öz goşantlaryny goşmaga dowam edýärler.

Azatlyk Radiosy, Eýranyň Horasan welaýatynyň Türbet-jam şäherinde ýaşaýan salyr türkmenleriniň meşhur bagşysy Gulam Salyr bilen, salyr türkmenleriniň arasynda türkmen aýdym-saz sungatynyň ýagdaýy barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Gulam Salyr, bagşyçylyga nähili we haçan başladyňyz?

Gulam Salyr: Bagşyçylyga Türbet-jam şäherinde başlanyma 30 ýyl boldy. Halypam Halmyrat bagşy. Esasy ugurlary Halmyrat halypadan öwrendik. Soň Türkmenistandaky we Türkmensähradaky bagşy-sazandalary diňläp, kämilleşdirdik.

Halmyrat halypa häzirki döwürde her ýyl 10-15 dutar ýasaýar. Şol dutarlaryň hiç biri galanok. Halkymyz şol dutarlaryň hemmesini satyn alyp durlar. Bize türkmeniň aýdym-saz sungatyny, dutaryny öwrediň diýip ýüz tutýan gaty köp höwesjeň bar.

(çepden saga) Gulam Salyr, Suhan Salarniýa, Halmyrat Myrat halypa. 2012 ý.

(çepden saga) Gulam Salyr, Suhan Salarniýa, Halmyrat Myrat halypa. 2012 ý.

Türkmeniň aýdym-saz sungatyny öwredýän mekdep ýaly ýerler ýok. Halmyrat halypa bilen men öz öýlerimizde dutar öwredýäris. Hepde-de bir-iki gije sapak goýýarys. Höwesjeňler öýlerimize gelip dutar sapagyny alýarlar. Şu wagt Türbet-jam şäherimizde 20-ä golaý dutar öwrenýän bar.

Dutar öwrenýänleriň arasynda gyzlarymyz hem bar. Meselem olaryň arasynda hut meniň iki sany gyzym hem bar. Olaryň biri dutarda saz çalýar, beýlekisi bolsa aýdym aýdýar. Ýene bir-iki sany täze dutar öwrenmäge ýaňy-ýakynda gelen höwesjeň gyz bar.

Biz Eýranda Magtymguly günlerinde, Magtymguly işanyň ýadygärliginiň ýanyna baryp çykyş edýäris. Türkmensähra sebitiniň toýlary bilen bir hatarda, ähli şäherlerde geçirilýän döwlet çärelerinde hem çykyş edýäris. Türkiýä baryp çykyş edýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmen bagşylardan kimleri diňleýärsiňiz?

Gulam Salyr: Türkmen bagşylardan ylaýta-da Oraz Salyry, Rejep Gylyjy, Ödeniýaz Nobaty, Garly Bagşyny diňleýäris. Ahal ýolundan bolsa Sahy Jepbar, Orazgeldi Ylýas, Aman Saçly ýaly bagşylary kän diňleýäris.

Azatlyk Radiosy: Türbet-jamdaky türkmenleriň arasynda has köp haýsy ýola ýykgyn edilýär?

Gulam Salyr: Biziň aramyzda “salyr-saryk” ýoly gowy görülýär.

Gulam Salyr Türbet-jam şäherinde ýaşaýan salyr türkmen gyzjagazlary bilen.

Gulam Salyr Türbet-jam şäherinde ýaşaýan salyr türkmen gyzjagazlary bilen.


Azatlyk Radiosy: Salyr türkmenleriniň arasynda ýaşlaryň aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanyşy nähili? Aýdym-sazyň haýsy görnüşine has köp üns berilýär?

Gulam Salyr: Ýaşlaryň aýdym-saza gaty uly höwesi bar. Türkmen aýdym-sazlarymyzy has gowy diňleýärler. Diňe bir höweslenmeklik we diňlemeklik bilen çäklenmän, hut özleri türkmen aýdym hem aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Döwrebap ýa-da halk arasynda aýdylşyna görä dik-durma diýilýän aýdym görnüşlerine nähili höwes bar?

Gulam Salyr: Şu wagt biziň aramyzda döwrebap ýagny dik-durma aýdym aýdýan ýok. Ýöne ýaşlaryň arasynda höwes bildirýänler bar. Indiden soň ýene bir-iki ýyldan biziň ýaşlarymyzyň arasynda döwrebap aýdymlar aýdýan hem çykar. Edil şu wagt şol gadymky ýol ýagny dutar bilen aýdym aýtmaklyk has ýörgünli bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryňyzyň hem aýdym-saz bilen meşgullanýandygyny aýtdyňyz. Olara siziň bir täsiriňiz boldumy?

Gulam Salyr: Men olaryň eline çal diýip dutar bermedim. Ganynda bar bolansoň we öýde hem dutar bolansoň özleri höwes edip öwrendiler. Diňe bilmeýän ýeri bolanda dutarda özüm görkezip berdim. Aýdymyň niresi nähili aýdylmaly şony hem görkezýärdim.

Azatlyk Radiosy: Gyzlaryňyzyň türkmen aýdym-sazy bilen meşgullanmagyna halk köpçüliginiň garaýşy nähili?

Gulam Salyr: Bu ugurda hiç kim hiç zat diýip bilmez. Sebäbi ol biziň milli baýlygymyz. Aýdym-saz, türkmeniň gadymdan bäri, ata-babalarymyzdan gelýän däbimiz ahyryn. Hiç hili gysyş ýok. Aýal-gyzlarymyz öz aralarynda läle kakyp, aýdym aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG