Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Döwlet emläkleri hususy eýeçilige geçiriler


2013-2016-njy ýyllaryň dowamynda dürli kärhanalary, gurluşyk, transport, aragatnaşyk we beýleki pudaklara degişli obýektleri hususy eýeçilige geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

2013-2016-njy ýyllaryň dowamynda dürli kärhanalary, gurluşyk, transport, aragatnaşyk we beýleki pudaklara degişli obýektleri hususy eýeçilige geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda ýakyn geljek üç ýylyň dowamynda döwlete degişli kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak meselesi barada hem giňişleýin gürrüň edildi.

Hususan-da, bu maslahatda eden çykyşynda wise-premýer A.Goçyýew “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy boýunça taýýarlanylýan bu programma Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususy eýeçilige geçirmegiň usullaryny, düzgünlerini we möhletlerini öz içine alar.

Üç tapgyrda amala aşyrylar

Wise-premýer A.Goçyýewiň aýtmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak işlerini üç tapgyrda amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Onuň birinji tapgyry 2013-nji ýylda, ikinji tapgyry 2014-2015-nji ýyllarda, üçünji tapgyry bolsa 2016-njy ýylda amala aşyrylar.

Şu döwrüň dowamynda döwletiň senagat pudagyndaky dürli kärhanalary, gurluşyk, transport, aragatnaşyk we beýleki pudaklara degişli obýektleri hususy eýeçilige geçirmeklik, şeýle hem aksionerler jemgyýetleriniň ösen infrastrukturasyny döretmeklik göz öňünde tutulýar.

Şonuň bilen birlikde, bu baradaky döwlet programmasynda umumymilli strategik ähmiýeti bolan we hususy eýeçilige geçirilmejek obýektleriň ýörite sanawynyň-da düzüljekdigi aýdylýar.

Hökümet maslahatynda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň hususyýetçilik baradaky kanunçylygynyň täze redaksiýasyny işläp düzmeklik-de planlaşdyrylýar.

Prezident oňlaýar, emma...

Anna günki maslahatda prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky Döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň prinsiplerini, umuman, oňlaýandygyny aýtdy.

Ol döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we obýektleri hususylaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan bu çäreleri “yzygiderli ýagdaýda bazar gatnaşyklaryna geçmek prosesiniň çäklerinde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de ony ösdürmek ugrunda ädilýän nobatdaky bir möhüm ädim” diýip häsiýetlendirdi.

Emma ykdysadyýet ugrundan käbir bilermenler Türkmenistanda häkimiýetiň awtoritar ýagdaýda dolandyrylýan şertlerinde “emläkleri hususylaşdyrmak” we “bazar gatnaşyklaryna geçmek” diýilýän çäreleriň diňe häkimiýetiň başyndaky sanlyja adamlaryň bähbidine hyzmat etmeginiň mümkindigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG