Sepleriň elýeterliligi

Netenýahu Ysraýylyň öz operasiýalaryny giňeltmäge taýýardygyny aýdýar


Ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Palestinanyň Gaza Sektoryndaky söweşijilere garşy Ysraýylyň indi öz operasiýalaryny “düýpli ýagdaýda giňeltmäge” taýýardygyny aýtdy. Ol bu barada şu gün Ysraýylyň hökümet maslahatynda eden çykyşynda nygtady.

Ysraýylyň güýçleri Gaza Sektorynyň deňizýaka territoriýalaryny indi bäşilenji gün raketa oklaryna tutmagyny dowam etdirýär.

Palestinanyň resmileri şu geçen çarşenbe güni Ysraýylyň hüjümleriniň başlanaly bäri Gaza Sektorynda jemi 50 töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.

Ysraýylyň harby resmileri, öz gezeginde, Gaza Sektoryndan palestin söweşijileriniň-de ýekşenbe güni Ysraýylyň territoriýasyna birnäçe raketa okuny atandyklaryny habar berdiler. Raketa hüjümleri boýunça duýduryş sirenalary şu gün paýtagt Tel-Awiwde-de ýaňlandy.
XS
SM
MD
LG