Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň prezidenti Moskwanyň planyna garşy çykdy


Ýekşenbe güni Moldowanyň prezidenti Nikolae Timofti Moldowanyň separatistik regiony bolan Preddnestrowiýa regionynda Orsýetiň öz konsullygyny açmak baradaky planlaryny ret etdi.

Bu wakanyň öňýany Orsýet Moldowanyň Ýewropa Bileleşiginiň energiýa syýasaty baradaky paktyna goşulmak kararyny tankytlapdy.

Ýewropa Bileleşiginiň bu pakty Orsýetiň energiýa söwdasynyň Ýewropada agdyklyk etmeginiň öňüne böwet boljak pakt hasaplanylýar.

Moldowanyň prezidenti Nikolae Timofti Orsýet tä Preddnestrowiýadan öz harby güýçlerini çykarýança Moldowanyň bu separatistik regionynda Moskwanyň konsullygynyň açylmagyna öz razylygyny bermejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG