Sepleriň elýeterliligi

ASEAN bileleşigi ynsan hukuklary barada deklarasiýa kabul etdi


Ýekşenbe güni Kambojiýanyň paýtagty Pnompende ASEAN, ýagny Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň Assosiasiýasy öz ýyllyk sammitinde ynsan hukuklary barada täze deklerasiýa kabul etdi.

Ýöne ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar bu ýurtlaryň liderleriniň kabul eden bu deklarasiýasyndaky düzgünleriň halkara standartlaryna doly laýyk gelmeýändigini aýdyp, muny tankyt etdiler.

Hususan-da, olar ASEAN bileleşigine girýän ýurtlarda “milli howpsuzlyk” we “moral normalary” diýen ýaly esaslarda ynsan hukuklarynyň berk çäklendirilmeginiň dowam etjekdigini aýdýarlar.

ASEAN bileleşigine Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň onusy, hususan-da, Bruneý, Birma, Kambojiýa, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Filippinler, Singapur, Taýland we Wýetnam girýär.
XS
SM
MD
LG