Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Kürt tussaglary özleriniň açlyk protestlerini bes etdiler


Ýekşenbe güni Türkiýäniň resmileri tussaglykda protest görnüşinde açlyk çekýän ýüzlerçe kürt tussagynyň öz açlygyny bes edendigini mälim etdiler.

Bu tussaglar sentýabr aýynyň ortalarynda kürt söweşijileriniň lideri Abdylla Öçalanyň tussaglykdaky şertleriniň gowulandyrylmagyny we kürtleriň hukuklarynyň artdyrylmagyny talap edip, açlyk çekmäge başlapdylar.

Türkiýäniň Ynsan Hukuklary Assosiasiýasy tussaglaryň bu açlyk çäresiniň bes edilmegine Abdylla Öçalanyň eden şahsy çagyryşynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň lideri Abdylla Öçalan kanun taýdan gadagan edilen bu söweşjeň partiýanyň soňky onýyllyklarda alyp baran hüjümlerinde we adam öldürmelerinde günäli hasaplanylyp, 1999-njy ýylda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG