Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durmuş hakykatlary hakynda şygyrlar


A.Bugaýew: "Ne gowga gopmady kerwensaraýda: Kimsä mähir, kimsä jenjel, al ýetdi..."
A.Bugaýew: "Ne gowga gopmady kerwensaraýda: Kimsä mähir, kimsä jenjel, al ýetdi..."
Garry gurt

Sährada möjegi tutdular diri,
Garry gurt galypdyr gapyl ýa ahmal.
Getirdiler oba göz edip hemmä,
Juda seýrek bolýan närse bu ahwal.

Güýlüp,
Okladylar it ýatagyna,
Şeýtmäň öňden kada bolmagam ahmal.
Öň telim köpegi ýallan ýalagy,
Ýanynda goýdular dolduryp ýaldan.

Güýlüge çydaman urundy möjek,
Üstesine açlyk,
Gaçdy ol haldan.
Soň gopan hikmeti ýazmagam agyr...
Açlygyndan öldi güýlüngi böri,
Ýöne it ýalaga urmady agyz.

***

Gurbaga

Kerep baglan suwda tarhan gurbaga,
Gijesine çykyp suw kenaryna.
Pitjiň atýar bilbil uklan gür baga.
Warlap,
Ymyzganan tümi oýarýar.
Dok-da bolsa,
Rüstemsiräp,
Göz üçin,
Çybyn-çirkeýleri awlaýar, orýar.
Gündiz warlap, diriň-diriň towusýar,
Niýeti görkezmekçi gündize görgi.
...Kakyp alyp gidýär ajygan gyrgy.

***

Kelek goç

Şeýle buýrugy bar Kadyr Allanyň,
Ýok ony bozmaga mömünleň haky.
Eger kelek goçy süsse şahly goç,
Bolmazmyş günäniň hiç çeni-çaky.

Seň buýrugyň sünnet, barça baş parz,
Oňa tabyn saňa uýýan şa-geda.
Kelek goç üstüňe sürünip dursa,
Aýt, şonda nätmeli Keremli Huda?!

***

Ýadadym

Ýadadym jöw-jöwlän güjüklerinden,
Men ýadadym daşy oýnaşdan doly,
Ýala gelen çagy loludan-loly,
Guýrugy ýamzynda ganjyklaryndan.
Çem gelen köpegiň azysyn salan,
Ganjyklaň ganjaran injiklerinden.
Irip ýalakdaky ýaldan – kepekden,
Ýadadym hyňranýan kän-kän köpekden.
Men ýadadym, ýöne gidip bilemok,
Terk edip bilemok bu ýezitleri,
Sebäp bular öz köçämiň itleri.

***

Mylaýym han

“Nejebe gurbana geldim” (“Nejeboglan” dessanyndan).

Men birmahal Nejep kibi bagşydym,
Köz deýin leb emdim,
Derledip ýaňak.
Ol çag ýaz ýeňlesdi,
Gyşy diýsene,
Posanyň howruna erärdi doňak.

Elim guşak boldy gysby billere,
Boýnumdan kement deý asylýan kändi.
Kärim guçuşmakdy,
Ýöne gözlegim,
Maňa gurban boljak Mylaýym handy.

Açyp goýdum işigini ýüregiň:
Mylaýymyň geljek ýolun garaýa.
Kimse goş ýazdyryp geçmedi mundan,
Kalbym döndi kem-kem kerwensaraýa.

Ne gowga gopmady kerwensaraýda:
Kimsä mähir,
Kimsä jenjel,
Al ýetdi.
Ürken ýaşylbaşlar tisginip uçdy,
Sallanyp gelenler tasanyp gitdi.

Gelmedi Mylaýym,
Ynam ät galdy,
Kerwensaraý işigini bent kyldym.
Şeýdip öz-özüme teselli berdim,
Men takaty ýüregime pent kyldym.

Ine, bu gün
Ýeser ýerde gaý turdy,
Itýär işigimi daljygyp munça.
Besse hal,
Desse saç,
Ala göz dilber,
Hoşroý gül pudakda açylan gunça.

Kaddy gülşen,
Durky gülgün Mylaýym,
Arşa-Kürse sorag salan dilegim.
Sen neçün giç geldiň,
Beýle giç geldiň,
Maňa gurban bolma gelen melegim?!

Sen neçün Elbende dönemde geldiň,
Kän çalynan,
Kän diňlenen saz menem.
Indi gurban meniň nämäme gerek,
Git,
Özüme dözem, saňa dözmenem.

***

Pelek

Bakyň,
Loly dünýäň kemçin oýnuna,
Düýn bedewiň hamyt salyp boýnuna,
Bu gün daňmyş okara deý gözüni.
Gözi bagly döwek daşy aýlanýar.
Biri diýýär weli saýyp özüni:
“Gözüni daňmasaň başy aýlanýar”.
“Weliň” maňlaýyna degmäň ýerine,
Bazbent toýnak harman daşy aýlanýar.
Humaý gözde bagyr ýaşy aýlanýar.

Bu jaýda
Bedewe çyn sütem çagda,
Ol taýda
Toý jaýda –
Gyzan aýlawda,
Çaman ýabyň dördi-bäşi aýlanýar.
Göz görenok,
Ýürek aňýar bu haly,
Zelil göwni küýsäp baglan aýlawyn,
Kürtdirende
Çamçy degýär,
Aýňalýar,
... Aýlaw jaýda çaman ozýar çamandan,
Baş baýrakdan çaman başy aýlanýar.
Döwek jaýda bolsa at sagrysynda,
Gamçy parlap,
Parsa-parsa aýlanýar.
Ters gelen ters täleý terse aýlanýar.
XS
SM
MD
LG