Sepleriň elýeterliligi

Obama Ysraýylyň özüni goramak hukugyny goldaýar


Ysraýyl öz müňlerçe harbysyny we tanklaryny Gaza Sektory bilen serhet ýaka jemlemegini dowam etdirýär. Gaza, 18-nji noýabr, 2012.

Ysraýyl öz müňlerçe harbysyny we tanklaryny Gaza Sektory bilen serhet ýaka jemlemegini dowam etdirýär. Gaza, 18-nji noýabr, 2012.

Palestinanyň medisina resmileri ýekşenbe güni Gaza Sektoryndaky bir jaýa Ysraýylyň amala aşyran hüjüminde 10 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdiler.

Olaryň aýtmaklaryna görä, üç gatly jaýa edilen bu hüjümde, hususan-da, alty sany çaga, üç aýal maşgala we bir erkek kişi ölüpdir. Palestin lukmanlary geçen hepdäniň çarşenbe gününden bäri Ysraýylyň hüjümlerinden 60-dan gowrak palestin raýatynyň ölendigini aýdýarlar.

Obama Ysraýyly goldady

Bu wakalaryň fonunda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýekşenbe güni Bankoga sapary wagtynda eden çykyşynda Gazadaky krizisiň ýüze çykmagynda palestin söweşijilerini aýyplady.

Barak Obama palestin söweşijileriniň yzygiderli ýagdaýda Ysraýylyň territoriýasyna, şol sanda parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerine-de raketa hüjümlerini amala aşyrmak bilen, häzirki dartgynly ýagdaýyň döremegine sebäp bolandyklaryny aýtdy.

Wideo: Ysraýyl Gaza edýän hüjümlerini bäşilenji gün dowam edýär.


“Ýer ýüzündäki hiç bir ýurt öz serhetleriniň daşyndan ýurduň içindäki raýatlarynyň üstüne raketalaryň ýagyp durmagyna çydam edip bilmez. Şoňa görä-de, biz Ysraýylyň öz raýatlarynyň jaýlarynyň üstüne we iş ýerlerine raketalaryň ýagmagyna hem-de parahat ýaşaýjylarynyň öldürilmegine garşy özüni goramak hukugyndan peýdalanmagyny doly goldaýarys” diýip, Obama belledi.

Ýöne, beýleki tarapdan, prezident Obama bu krizisiň Ysraýylyň harby çärelerine bat berilmezden çözülmeginiň has ileri tutulýandygyny-da nygtady.

Ol konfliktleriň has çuňlaşmagynyň geljekde parahatçylyk baradaky islendik bir ikitaraplaýyn gepleşikleri we regionda duldegşir iki döwletiň bolmagy baradaky planlary has kynlaşdyrmagynyň mümkindigini aýtdy.

Nobatdaky weýrançylyklar

Onuň bu çykyşynyň fonunda ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Palestinanyň Gaza Sektoryndaky söweşijilere garşy Ysraýylyň indi öz operasiýalaryny “düýpli ýagdaýda giňeltmäge” taýýardygyny aýdyp çykyş etdi.

Şonuň bilen bir wagtda bolsa, Ysraýylyň öz müňlerçe harbysyny we tanklaryny Gaza Sektory bilen serhet ýaka jemlemegini dowam etdirýändigi habar berilýär. Bu ýagdaý Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy giň gerimde gury ýer operasiýasyny ýola goýmagynyň-da mümkindigini görkezýär.

Ýekşenbe güni Ysraýyl indi bäşilenji gün Gaza Sektoryny raketa oklaryna tutmagyny dowam etdirdi. Bu hüjümlerde weýran edilen binalaryň hatarynda iki sany media binasy-da bar. Olardan birinde Hamasyň telewizion stansiýasy bilen birlikde birnäçe daşary ýurt habar merkezleri-de ýerleşýärdi.

Ýekşenbe günki hüjümlerde Moskwa tarapyndan maliýeleşdirilýän “Russia Today” telekanalynyň Gazadaky ofisine-de zeper ýetendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG