Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli wäşi Çarli Çapliniň baş gaby we hasasy satyldy


Belli wäşi Çarli Çapliniň baş gaby we hasasy 62 müň 500 dollara satyldy. Ýekşenbe güni satuwa çykarylan baş gap bilen hasa, Çapliniň sessiz kinolar döwründe şekillendiren “kiçi sergezdan” keşbiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülipdi.

Baş gap bilen hasany garaşylanyndan has gymmada satmak başartdy. Ilki başda Çapline degişli bu zatlaryň 40 müň we 60 müň dollar aralygynda satyljakdygy çaklanýardy.

Şeýle-de ýekşenbe güni belli “Beatles” toparynyň agzasy Jon Lennonyň golýazmasy 25 müň dollara satyldy.
XS
SM
MD
LG