Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda şaýy metjidiniň golaýynda partlama boldy


Pakistanyň günortasyndaky Karaçi şäherinde şaýy metjidiniň golaýynda amala aşyrylan bomba partlamasynda, azyndan iki adam öldi, başga-da 10 adam ýaralandy. Bu barada ýerli polisiýa maglumat berýär.

Partlaýjy serişde motosikletde ýerleşdirilipdir. Partlama sebäpli, wakanyň bolan ýerinde elektrik togy hem kesilipdir. Aýdylmagyna görä, tümlükde ok atyşyklaryň sesi hem eşidlipdir.

Bu waka şaýylaryň mukaddes saýýan Muharram aýyna gabat geldi. Bu aý söweşmek gadagan edilýär.

Karaçide we Pakistanyň beýleki sebitlerinde ekstremist sünni musulmanlary bilen şaýy musulmanlary uzak wagtdan bäri özara çaknyşyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG