Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: ABŞ baglanyşylan ylalaşygyň şertlerini bozýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý beýanat ýaýradyp, onda ABŞ-nyň baglanyşylan ylalaşyklara garamazdan owganlylary tussag etmegi we olara gazaplylyk görkezmegi dowam etdirýändigini aýtdy.

Hamid Karzaýyň ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda, owgan sudýalarynyň azatlyga goýbermek baradaky kararlaryna garamazdan, käbir tussaglaryň entek hem gözenegiň aňyrsynda saklanylýandygyny bellenilýär.

Şeýle-de Karzaý ABŞ-nyň güýçleriniň owganlylary tussag etmegini dowam etdirýändigini-de tankytlady. Ol munuň “özara gelnen ylalaşyklara düýpgöter garşy gelýändigini” aýtdy.

Owganystandaky tussaglary ýerli howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligine geçirmek baradaky ylalaşyk mart aýynda baglanyşylypdy.
XS
SM
MD
LG