Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: öldürilen gümrükçileriň işi boýunça diňlenşik başlandy


Gazagystanda 15 gümrükçi esger egindeşini öldürmekde aýyplanýan Wladislaw Çelakyň üstünden duşenbe güni sud diňlenşigi başlandy.

Sudýa Ýerbol Ahmetžanow diňlenşigiň media wekilleri üçin açyk boljakdygyny aýtdy. Emma Çelak, habar serişdeleriniň agzalarynyň suduň zalyndan çykmagyny talap etdi. Aýdylmagyna görä, ol žurnalistleriň sesleri zerarly, sudýanyň aýdýanlaryny doly eşidip bilenok.

19 ýaşly Çelak şu ýylyň maý aýynda, Arkankergen gümrük berkitmesinde gulluk geçýän mahaly, özüniň 14 egindeş esgerini we bir tokaý sakçysyny öldürmekde aýyplanýar.

Ilki başda Çelak bu öldürmeleri özüniň amala aşyrandygyny boýun alypdy. Emma soňundan, munuň görkezilen basyşyň esasynda edendigini aýdyp, boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG