Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Obama Birma taryhy sapar etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birmanyň oppozisiýa lideri Aun San Su Çži bilen, onuň dogduk ýeri Rangunda duşuşdy. Obama ony “demokratiýanyň hajy” diýip atlandyrdy.

Obama Mýanmara duşenbe güni sapara bardy. Ol bu sebite sapara baran, ABŞ-nyň häkimiýet başyndaky ilkinji prezidenti boldy.

Su Çži 2010-njy ýyla çenli, 15 ýyla golaý wagt öý tussaglygynda saklanypdy.

Birmanyň ýolbaşçylary onlarça ýylyň dowamynda harbylaryň häkimiýeti döwründe ýol berlen adam hukuk bozmalaryny düzeltmek üçin, ençeme tapgyr reformalary geçirdiler.

Aktiwistleriň bellemegine görä, Obamanyň saparyndan öňinçä, 50-ä golaý syýasy tussag azatlyga goýberlipdir.
XS
SM
MD
LG