Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Gaza zolagyny oka tutmagy dowam etdirýär


Duşenbe güni Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy amala aşyran howa zarbalarynda, azyndan 10 palestinaly öldi. Bu barada Palestinanyň keselhana işgärleri maglumat berýär.

Ysraýylyň harbylarynyň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda, öten agşam 80-e golaý howa hüjüminiň amala aşyrylandygy aýdylýar. Ysraýylyň bellemegine görä, hüjümler HAMAS toparynyň ýokary derejeli wekilleriniň ýaşaýan sebitlerine amala aşyrylýar.

Aýdylmagyna görä, HAMAS topary hem Ysraýyla garşy ençeme raketany atypdyr. Adam ýitgileri barada maglumat berlenok.
XS
SM
MD
LG