Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Merkezi Aziýadan gelenleriň ýitirim edilmegi alada döredýär


Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň çaklamalaryna görä, geçen ýyl täjigistanly, özbegistanly we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 10 töweregi raýat gizlin alnyp gaçylyp, yzyna – öz ýurtlaryna äkidilipdir.

Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň çaklamalaryna görä, geçen ýyl täjigistanly, özbegistanly we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 10 töweregi raýat gizlin alnyp gaçylyp, yzyna – öz ýurtlaryna äkidilipdir.

Wolgogradda ýaşaýan Firuza Mirhamidowa, adamsy Abdulwasi Latipowyň türmeden duýdansyz boşadylandygy baradaky garaşylmadyk telefon jaňyny alanda, öz dogduk mekany Daşkende maşgalasyny görmäge gidipdi.

Orsýete dolanmak üçin Firuza Mirhamidowa 6 ýaşyndaky gyzy Mihrona bilen dört gün ýol ýöremeli otla howlukmaç mündi. Latipow aýalyna yzly-yzyna jaň edip, iki ýyla golaý dowam eden tussaglykdan soň, özleriniň täzeden birikmegini bellemek üçin, çişlikli we garpyzly şagalaň etmek baradaky planlaryny gürrüň berýärdi.

Mirhamidowanyň gelmezinden bir gün öň är-aýal [telefonda] iň soňky gezek gürleşýär. Şondan birnäçe sagat soň ýaragly adamlar tarapyndan öýüne hem-de garyndaşlaryna hüjüm edilen we, aýdylmagyna görä, süýrelip alnyp gidilen Latipow yzsyz-sorsuz ýitirim bolupdyr.

Mirhamidowa maşgalasynyň başyna düşen ýagdaýy şeýle ýatlaýar: "Gara eşikli hem-de maskaly adamlar öýe giripdirler. Olar ähli kişiniň ellerini we aýaklaryny baglap, gözlerini gaty lenta bilen daňypdyrlar. Maskaly adamlar olary daňyp, ýenjipdirler, gidenlerinde-de gapyny gulplap gidipdirler. Şeýlelikde-de hiç kim daşary çykyp bilmändir. Haçan-da iki sagatdan soň garyndaşlarymyz gaýtadan huşuna gelenlerinde, olar penjireden daşary çykmaly bolupdyrlar. Olar, belki, Abdulwasini tapyp bileris öýdüp, beýleki otaga baryp gorüpdirler, ýöne ol ýok eken. Olar ony alyp gidipdirler".

Nirä äkitdiler?

Latipowyň ýitirim bolanyndan bir aýa golaý wagt geçdi, onuň nirededigi entägem näbelli. Ýöne Mirhamidowa öz adamsynyň, 1992-1997-nji ýyllardaky Täjigistandaky graždan urşy bilen bagly ýöňkelen terror aýyplamalary sebäpli, alnyp gaçylandygyny we Täjigistana bikanun äkidilendigini çaklaýar.

Ekspertleriň pikiriçe, Orsýetde ýaşaýan merkezi aziýaly raýatlar ilki öz ýurtlarynda dini ekstremizmde aýyplanyp, olara gözlegi yglan edilip, soňra-da syýasy matlap bilen alnyp gaçylýar. Latipowyň ýitirim bolmagyny-da şu ýagdaý bilen düşündirse bolar.

Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň çaklamalaryna görä, geçen ýyl täjigistanly, özbegistanly we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 10 töweregi raýat gizlin alnyp gaçylyp, yzyna – öz ýurtlaryna äkidilipdir. Şol wakalaryň her birinde, gözlenýänler öz ýurtlaryna ekstradisiýa edilen halatlarynda, adalatsyz sud edilip, hatda gynamalara sezewar edilmeginden howatyrlanyp, Orsýetden syýasy gaçybatalga almak isläp, ýüz hem tutupdyrlar.

Göz-görtele adam alyp gaçmalar Orsýetiň öz territoriýasyndaky şübheli alyp gaçmalary derňemäge we öz ýurtlarynda rehimsiz gynamalara duçar bolup biljek bosgunlaryň hak-hukuklaryny goramaga borçludygyny belleýän “Amnesty International” ýaly adam hukularyna gözegçilik edýän toparlary howsala saldy.

Täjigistan resmi ýagdaýda Latipowyň nirede ýerleşýändigi barada hiç zat bilmeýändigini mälim etdi. Ýöne Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň içindäki çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda Latipow Duşanbäniň näbelli ýerinde kanun goraýjy organlar tarapyndan saklanýar.

“Amnesty International” guramasynyň işgäri Býugleriň aýtmagyna görä, eger-de Latipow hakykatdan hem ýurduna äkidilen bolsa, mundan ozalky alnyp gaçylanlaryň ýagdaýy hem nazara alynsa, onda onuň häzirki ýagdaýy howatyrlandyrýar: "Bu ýagdaýda aýratyn alada bildirmegimiziň sebäbi Täjigistanyň raýatlarynyň Orsýet Federasiýasynyň territoriýasynda arkaýyn hereket edýän Täjigistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan alnyp gaçylyp, yzyna Duşenbä äkidilen ýagdaýlary birnäçe gezek boldy. Ol ýerde olar käte gynamalara we rehimsiz azar bermelere duçar bolupdyrlar."

Latipow Täjigistana ekstradisiýa edilmek boýunça buýrugyň yz ýany Wolgagradda tussag edilipdi. Orsýetiň resmi edaralary öz syýasy gaçybatalga sorap ýazan ýüzlenmesini ret edensoň, ol Strasburg suduna gyssagly ýüz tutupdy.

Bu ädim Latipowyň Täjigistana gaýtarylyp berilmegi baradaky talabyň wagtlaýyn togtadylmagyna getiripdi. Ýöne Merkezi Aziýa bosgunlarynyň hukuklary boýunça ekspert we adwokat Ýelena Rýabininanyň aýtmagyna görä, şeýle ädimler howpsuzlyk gulluklarynyň has güýçli çärelere ýüz urmagyna, ýagny adam alyp gaçmagyna itergi berip biler.

Rýabinina bu hakda şeýle diýýär: "Bu adam alyp gaçmalary gümansyz tendensiýa diýip hasaplap bolar. Ýöne ýagdaý aýratyn häsiýete eýe. Şahsyýetiň öz ýurduna gaýtarylyp berilmegi üçin hiç hili kanuny esas ýok bolsa, adam alyp gaçmalara baş goşulýar. Beýle ýagdaýlar köplenç Ýewropa sudy tarapyndan adamy ekstradisiýa etmek synanyşygy petiklenen halatynda ýüz berýär".

Özbegistanyň raýaty Azamatjon Ermakow

Ýaňy-ýakynda bolan bir wakada Özbegistanyň raýaty Orsýetiň Nižniý Nowgorod şäherinde deslapky tussaghanadan goýberilenden soň, gysga wagtyň içinde ýitirim boldy.

El granatyny saklaýanlykda aýyplanyp, jezasyny çekýän Azamatjon Ermakow garaşylmadyk ýagdaýda 2-nji noýabrda tussaglykdan boşadylypdyr. Şol gün onuň adwokaty tussaghana baranda, oňa öz müşderisiniň eýýäm boşadylandygyny aýdýarlar.

Şondan soň hem Ermakowyň yzy basym ýitdi. Şondan bäri ne adwokat, ne-de Ermakowyň ýakynlary ondan habar alyp bilýärler. Ermakow tussaglykdan boşadylandan soň, onuň haýsydyr bir ýerde görlendigi barada hem hiç hili habar ýok.

Seýle ýagdaýlarda Orsýetden gaçybatalga gözleýän merkezi aziýalylylar öz ýurtlaryna mejbury ekstradisiýa edilenlerinden Orsýetiň türmesinde galanlaryny-da eý görýärler.

Ýaňy-ýakynda Orsýetiň Baş prokuraturasy täjigistanly üçünji bir bosgun Ismon Azimowyň tussaglyk möhletiniň ýene 6 aýa çenli uzaldylyp bilinjekdigini yglan etdi.

“Özbegistanyň yslamy hereketi” atly gadagan edilen toparda iş alyp barýanlykda aýyplanýan täjigistanly Azimow 2-nji noýabrda tussagykdan boşadylmalydy. Azimowyň tussaglyk möhleti “Amnesty International” we Orsýetiň adam hukuklaryny goraýjy toparlary tarapyndan, eger tussaglykdan boşadylsa, onda onuň alnyp gaçylmagynyň we gynamalara sezewar edilmeginiň mümkindigi aýdylansoň, uzaldyldy.
XS
SM
MD
LG