Sepleriň elýeterliligi

Gazada ölenleriň sany 100-den geçdi


Palestinanyň medisina işgärleri Ysraýylyň duşenbe güni Gaza uran howa zarbalarynda ýene 20-den gowrak adamyň ölendigini aýtdylar.

Ysraýylyň goşuny duşenbe güni beren beýanatynda öz harby uçarlarynyň Gaza gije 80 töweregi hüjümi amala aşyrandygyny habar berdi. Aýdylyşyna görä, Hamas jeňçileri hem Ysraýyla birnäçe raketa atypdyrlar. Ýöne mundan zyýan çeken adam bar diýip, berlen maglumat ýok.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katrin Aşton özüniň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu, şeýle hem regiondaky arap ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen gürleşendigini aýtdy.

Ol Bileleşigiň goranmak ministrleriniň Brýusseldäki duşuşygyna baranda žurnalistlere şeýle diýdi: "Adamlaryň heläklenmgi meni gaty aladalandyrýar. Ýöne men Gaza meselesinde uzak möhletli çözgüt tapmalydygymyz hakda hem köp wagt bäri aýdyp gelýärin. Men üç gezek ol ýerde bolup gaýtdym. Görşümiz ýaly, biz gazaply raketa hüjümleriniň garşysyna bir çögüt tapmaly hem-de bu regiondaky ilata howpsuzlyk we asudalyk getirmeli".

NATO-nyň Brýussele duşuşyga baran Baş sekretary Anders Fogh Rasmusson Ysraýylyň özüni goramaga hukuklydygyny aýtdy, şol bir wagtyň özünde-de bu ýurdy saklanmaga çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun Müsüriň prezidenti Muhammad Morsiniň barlyşyk barada edýän tagallalaryny özüniň goldaýandygyny görkezmek üçin duşenbe güni Müsüre bardy.

Ban Ysraýyla-da barmakçy.

Duşenbe güni Hytaý Gaza konfliktinde ähli taraplary, aýratyn-da Ysraýyly saklanmaga çagyrdy.

Hamasyň ençeme günläp Ysraýyla raketaly hüjüm etmegi netijesinde Ysraýyl öten çarşenbe güni harby operasiýa başlady.

Ysraýylyň harby uçarlary we raketalary hem gury ýerden, hem deňizden Gazada Hamasa degişlidigi güman edilýän ýerleri dargatdylar.

Şu wagta çenli Palestinada ölenleriň sany iň azyndan 100. Bularyň arasynda parahat ilata degişli adamlar we çagalar-da bar. Hamasyň raketa arkaly amala aşyran partlamalarynda hem Ysraýylda üç adam öldi.
XS
SM
MD
LG