Sepleriň elýeterliligi

Ýitip barýan neşekeşlik ajy ýatlamalary galdyrdy


Neşe söwdagärleriniň käbir toparlaýyn ele düşenleri habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka hem görkezildi.

Neşe söwdagärleriniň käbir toparlaýyn ele düşenleri habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka hem görkezildi.

"Ogluňyzyň agzy arassamy?"

1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap, sallah ýigidiň hossarlary gyza gudaçylyga baranda berlen bu sorag adaty sowal hökmünde kabul edilipdi. Dogrusy, 2000-nji ýyllaryň başyndan neşekeşlik belasy jemgyýetimize ymykly ornaşan soň, ene-atalar gyzlaryň agzy zaýalygyndan hem heder edip başladylar. Pylan ýerden pylanyň alan gelniniň agzy zaýa çykypdyr diýlen gürrüňler köpelipdi.

Häzir gudaçylyk gürrüňlerinde ýigidiň esasan hüý-häsiýeti, hünäri has öňe çykyp ugrady: "Ogluňyz bir ýerde işleýärmi, nirede işleýär?", "Ol nirede okady?", "Soň nirede ýaşamakçy, näme iş etmekçi?" we ş.m.

Bu ýagdaý nädip üýtgedi?

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow bir gezek: "5 gram bilen ele düşenleri yzarlap ýörmäň!" diýen hem bolsa, ynamdar çeşmeleriň aýtmagyna görä, häzirki düzgüne laýyklykda, 50 gram tirýek, 5 grama çenli geroin bilen tutulan adam, öň sud edilmedik ýa sud edilenem bolsa, boşanyna, amnistiýa bilen goýberilenine 5 ýyl geçen bolsa, azyndan 7-8 aý türmede oturandan soň amnistiýa düşürilýär. Galan ýagdaýda neşe bilen baglanyşykly tussag edilenlere amnistiýa ýok.

Neşe ýitip gitdimi?

Türkmenistanda neşe maddalary esasan iki usul boýunça ýaýraýar eken, muny öz gören-eşiden zatlarymdan anykladym. Daşary ýurtdan getirilýändigi baradaky maglumatlar öň hem okapdyk, muny köpümiz bilýän bolsak gerek. Ol birinji usul. Polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň özara söhbetdeşlikde tassyklamagyna görä, ikinji usul: 2000-nji ýyllaryň başlarynda gum içindäki obalarda tirýek ekilýän eken. Emma 2008-2011-nji ýyllarda Garagum çölündäki tirýek meýdanlary wertolýotly geçirilen polisiýa reýdlerinde ýok edilipdir.

Häzir ýurtda neşe maddasy doly ýitip gitdi diýsem, öte geçdigim bolar. Ýöne 2005-2006-njy ýyllarda bir gram tirýegiň bahasy täze puldan hasaplanyňda 15-16 manat bolan bolsa, häzir 140 manatdan arzan däl. Neşekeşleriň bir çekerlik geroini 5-6 manat bolan bolsa, häzir onuň bahasy, tapaýan ýagdaýyňda, 200 manatdan arzan däl. Muny adynyň agzalmagyny islemedik ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri aýdýarlar.

Ýitirilen perzentler

Häzir bolsa ençeme maşgalalarda neşekeşlik belasy bilen bagly dürli ýatlamalar galdy.

Tejenli dört ogluň atasy Ata aga şeýle gürrüň berýär:

Meniň dört oglumyň üçüsi neşekeş boldy, olar öýümi towuga ýükläýmeli etdiler. Neşekeş ogullarymyň ikisi ýogaldy. Men çagalam ýogalanda, aýyp hem bolsa, içimden begenipdim. Ynanyň, üçünji neşekeş oglumyň hem ölmegini isleýärdim. 2008-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda oglumyň ýanyndan üç bölek tapyp, ony 8 ýyl basdylar, onuň adyndaky öz gazanjymdan kireý etsin diýip alyp beren köneje "Žiguli" maşynymy döwletiň haýryna geçirdiler. Indiki amnistiýada boşap, ýene başymyza musallat bolar diýen pikirdedim. Oglum 2009-njy ýylyň Gadyr gijesinde, tas iki ýyl oturyp, amnistiýa düşdi. Oňa çenli çekeýin diýeňde hem neşe galmady. Meniň ölümini diläp oturan oglumyň agzy arassalandy. Bu oglumy öýerenime iki ýyl boldy, ondan agtygym bar. Hudaýa şükür, neşekeşlerem durmuşa dolanjak eken!

Babadaýhanly Gözel daýza bolsa şeýle diýýär:

Neşekeşlik belasynyň gelmegi bilen çagalarymyzyň ençemesi asla "kaka" sözüni ýatdan çykardylar. 2008-nji ýyldan çagalarymyz gaýtadan "kaka" diýip başladylar. Indi adamlar neşe sözünem unudyp barýarlar. Neşekeşler basyldy diýip, özüm-ä gaty göremok. Bir oglumy ýedi ýyl öň neşe belasyndan aldyrdym, beýlekim gözi gorkandan soň düzeldi...

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG