Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl-Gaza çaknyşygynda güýç synaýyşlar


Ysraýylyň Aşkelon şäheriniň ýakynda “Iron Dome” atly raketadan goranyş sistemasy öňüni alyjy raketa atýar, 19-njy noýabr.

Ysraýylyň Aşkelon şäheriniň ýakynda “Iron Dome” atly raketadan goranyş sistemasy öňüni alyjy raketa atýar, 19-njy noýabr.

Ýakyn Gündogar ekspertleriniň aýtmagyna görä, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky zorluklaryň gaýtadan möwjemeginiň sebäbi – Hamasyň dolandyryjy gurluşynyň üýtgemegine getiren wakalar we bu toparyň regional güýçler bolan Siriýa, Eýran, Müsür we Ysraýyl bilen gatnaşyklarydyr.

YSRAÝYL WE YSRAÝYLYŇ HÖKÜMETI

Ysraýylyň Gaza urýan deňiz we howa zarbalarynyň yglan edilen maksady Palestinanyň yslamçy topary Hamasyň Ysraýylyň günortasyna tarap raketa atmagynyň öňüni almakdyr. Ysraýyl özüni harby çäreleriniň Hamas tarapyndan dolandyrylýan Gazadan her gün diýen ýaly atylýan raketalara kanuny gaýtawuldygyny aýdýar.

PALESTINA: HAMAS WE FATAH

Hamasyň tarapdarlary bu topara Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky we Gazadaky Palestinanyň territoriýalaryny Ysraýylyň basyp almagyna garşy kanuny hereket hökmünde garaýarlar.

1987-nji ýylda döredilen Hamas, özüniň düzgünnamasyna görä, Ysraýylyň ýok edilmegine ygrarly bolup galýar. Hamasyň resmileri, eger-de Ysraýyl özlerini ykrar etmese, onda Ysraýyly hem ykrar etmejekdiklerini aýdýarlar.

Hamas 2006-njy ýylda Palestinada geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Emma ýeňiş bu topar bilen Fatahyň arasyndaky dartgynlylygy ýokarlandyrdy. Fatah Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryny dolandyrýan dünýewi milletçi partiýasydyr.

SIRIÝA WE ASSADYŇ REŽIMI

Palestina boýunça ekspert Hüseýin Ibiş Hamasyň daşarky ýaranlygyna täsir eden üýtgeşme hökmünde Siriýadaky gozgalaňlary görkezýär. Hamasyň dolandyryjylarynyň Eýran we Siriýa bilen ýakyn gatnaşyklary bardy, olaryň Damaskda edarasy hem ýerleşýärdi. Emma ýakynda Ibişiň "Foreign Policy" neşirinde ýazmagyna görä, Hamas Başar al-Assadyň režiminiň gozagalaňçylara edýän sütemine garşy çykyp ugrandan soň, Siriýanyň hökümeti bilen Hamasyň arasyndaky gatnaşyklary “doly çökdi”. Netijede, Hamasyň Politbýurosy Damasy terk etdi.

EÝRANYŇ PREZIDENTI MAHMUD AHMEDINEJAD

Siriýada Assadyň režiminiň esasy ýarany bolan Eýran hem ençeme ýyl bäri Hamasa goldaw berip gelýär. 2010-njy ýylda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Hamasy Palestinanyň halkynyň hakyky wekili diýip atlandyrdy. Bu bolsa Palestinanyň Fatah toparynyň gaharyny getirdi. Fatah Eýrany Palestinanyň halkyny bölmäge synanyşmakda aýyplady.

LIWAN WE HIZBULLAH

Liwanda Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah arap döwletlerini Hamasa goldaw bildirmäge we öz serhetlerini çaknyşyklardan gaçan palestinaly bosgunlara açmaga çagyrdy. Nasrallah arap liderlerini Gazadaky palestinlere has köp goldaw bermeýänlikde hem tankytlady. Ol Ysraýylyň Siriýadaky graždanlyk urşundan peýdalanyp, Gaza hüjüm edýändigini hem aýtdy.

MÜSÜR WE PREZIDENT MUHAMMED MÜRSI

Gazadaky çaknyşyk Müsüriň täze saýlanan yslamçy prezidenti Muhammed Mürsini kyn ýagdaýda goýýar. Müsür özüniň harby pudagyna Amerikanyň millionlarça dollarlyk kömegini, şeýle hem ykdysadyýetine Saud Arabystanynyň we Bütindünýä banky ýaly guramalaryň goldawyny aljak bolsa, onda Birleşen Ştatlar bilen arasyny gowy saklamaly. Emma sünni musulmanlaryndan bolan Mürsi Gaza çaknyşygyna goşulyşmak barada Müsüriň halkynyň çagyryşlary bilen hem ýüzbe-ýüz bolup dur.

KATAR

Katar Birleşen Ştatlaryň ýaranydyr, ol mundan öň Ysraýyl bilen hem käbir gatnaşyklary ýola goýupdy. Emma Ysraýyl bilen çakynykda Katar Hamasa goldaw berip başlandan soň, gatnaşyklar ýaramazlaşyp başlady. Oktýabr aýynda Kataryň emiri Şeýh Hamad bin Halifa al-Tani Gaza sapar edip, 2007-nji ýylda Hamas Gazany eýeläni bäri bu ýere sapar eden ilkinji döwlet baştutany boldy.

ARAP LIGASY

Baş sekretar Nabil al-Arabiniň ýolbaşçylygyndaky Arap ligasy Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ot açyşlygyň bes edilmegi boýunça Müsüriň tagallalaryny goldady. Şeýle hem Arabi palestinalylara garşy “Ysraýylyň agressiýasyny” ýazgaryp, “bu agressiýa garşylyk körkezmegi we gabawy döwmegi”, 2007-nji ýylda Gaza garşy ýola goýlan ykdysady petigi aradan aýyrmagy wada berdi.

TÜRKIÝE

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan hem palestinalylar bilen Ysraýylyň arasynda dessine ot açyşlygyň bes edilmegine çagyrdy. Ol Ysraýylyň Gaza garşy ykdysady embargosynyň “tapgyrlaýyn ýatyrylmalydygyny” we 90 günüň dowamynda ýaraşyk gepleşikleriniň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Duşenbe güni ol has ýiti çykyş edip, Gaza hüjümleri sebäpli Ysraýyly “terrorist döwlet” diýip atlandyrdy.

BIRLEŞEN ŞTATLAR

Birleşen Ştatlar bigünä ysraýyllylaryň we palestinalylaryň ölümine we ýaralanmagyna gynanç bildirip, Gazada zorluklaryň ýüze çykmagynda Hamasy aýyplady. 18-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ysraýylyň Gazadan atylýan raketalardan özüni goramak hukugyny doly goldaýandygyny, emma Gaza krizisiniň Ysraýylyň harby çäreleri “möwjemezden” çözülmeginiň “has gowy” boljagyny aýtdy. Obama Ysraýylyň territoriýasyna Hamas tarapyndan atylan raketalaryň krizisiň “gižželeýji wakasy” bolandygyny aýtdy.

BMG-NIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞI

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky zorluklaryň bes edilmegine çagyrdy, emma häzire çenli bu ugurda hiç hili çäre görmedi. Arap wekilleri Howpsuzlyk Geňeşini Ysraýylyň hüjümlerini ýazgarmaga çagyran hem bolsa, Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs: “Hamasyň we beýleki terrorçy guramalaryň Ysraýylyň halkyna garşy ýola goýan zorlugyny aklara sebäp ýok” diýdi. BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun “Ysraýylyň günortasyndaky we Gazadaky zorluklaryň gaýgylandyryjy derejede ýokarlanmagy we ýagdaýlaryň mundan hem beterleşmeginiň öňüni almaga zerurlyk” barada beýanat ýaýratdy. Ol Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Müsüriň prezidenti Muhammed Mürsi bilen hem gürleşdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG