Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň sudy Rimşa Masiha garşy bildirilýän aýyplamalary ýatyrdy


Pakistanda sud bir hristiýan gyzyna garşy dine şek ýetirmekde bildirilýän aýyplamalar boýunça işi ýapdy. Rimşa Masiha garşy bildirilen aýyplamalar dünýä boýunça ýazgarylypdy.

Rimşa yslam dinine degişli ýazgyly sahypalary otlamakda aýyplanyp, awgust aýynda tussag edilipdi. Pakistanyň döwlet eýeçiligindäki medianyň berýän maglumatyna görä, Yslamabadyň Ýokary sudy, aklawçylaryň arzasy esasynda, 14 ýaşyndadygy öýdülýän Rimşa garşy bildirilýan aýyplamalary ýatyrypdyr.

Polisiýa ýerli ymamlaryň birini Rimşa garşy delilleri toslap ýasamakda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG