Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda köpçülikleýin özüni otlamagyň öňi alyndy


Gyrgyzystanda polisiýa işgärleri we ýangyn söndürijiler Bişkegiň seýilgähleriniň birinde adamlaryň köpçülikleýin özüni otlamagynyň öňüni aldylar.

Sişenbe güni Gorkiý seýilgähine 65 töweregi aýal maşgala ýygnandy. Olar ýuduň Merkezi Bankyndan az prosent gatnaşyklarynyň kesgitlenilmegini we ipotekanyň ýeňilleşdirilmegini talap etdiler.

Ýygnan aýallaryň arasyndan azyndan onusy üstüne kerosini döküp, özüni otlamaga synanyşdylar. Emma polisiýa we ýangyn söndürijileri munuň öňüni almagy başardylar.

Aýallaryň biri keselhana äkidildi. Aýdylmagyna görä, onuň ýüreginden tutupdyr. Aýallar sentýabr aýyndan bäri bank tarapyndan goýulýan prosent gatnaşyklaryna garşy protest geçirip gelýärler.

Protestçiler eger-de olaryň talaplary berjaý edilmese, çarşenbe güni ýene-de özlerini otlamaga synanyşjakdyklary bilen haýbat atdylar.
XS
SM
MD
LG