Sepleriň elýeterliligi

Gaza: BMG-niň Baş sekretary ok atyşyklary togtatmaga çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Gaza zolagyndaky ok atyşyklaryň dessine togtadylmagyna çagyryş etdi. Bu aralykda Ysraýyl bilen Gaza jeňçileriniň arasyndaky konflikt ýedinji gününe girdi

Ban sişenbe güni Kairde Ysraýylyň ýer operasiýalarynyň konflikti “has hem möwjedip biljekdigini” duýdurup, çykyş etdi.

Şeýle-de sişenbe güni Ak Tam prezident Barak Obamanyň regiona Döwlet sekretary Hillari Klintony ýollaýandygyny mälim etdi. Klinton çarşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu, mundan soň Müsürüň we Palestinanyň liderleri bilen hem gepleşikleri geçirer.
XS
SM
MD
LG