Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň baş ruhanysy pulsuz kösenýär


Mahalati Hameneýiniň öýünde diňe birje halynyň bardygyny aýdýar.

Mahalati Hameneýiniň öýünde diňe birje halynyň bardygyny aýdýar.

Eýranyň ýokary ýolbaşçysy Ali Hameneýi, aýdylyşyna görä, maliýe taýdan kynçylyk çekýändigi üçin köplenç öz şahsy goragçylaryndan pul karz alýar. Muny aýdýan Hameneýiniň köne dosty we kömekçisi Aýatollah Rasouli Mahalati.

"Kämahallar men oňa sadaka diýip berlen pullary eltemde, onuň, mysal üçin, 'jenap Reza, gel algyňy al' diýýänini görýärin" diýip, Mahalati Eýranyň ýarym resmi "Pars News" habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Mahalatiniň aýtmagyna görä, Hameneýiniň girdejisi, hüşür-zekatdan hem onuň Tährandaky kireýine berýän öýüniň hakyndan gelýär.

Mahalati şeýle hem Hameneýiniň öýünde diňe birje halynyň bardygyny aýdýar. Eýranda köp halyly bolmak dereje hasaplanýar.

Ýekeje halyly lider

"Men käwagtlar onuň hususy otagyna-da barýaryn. Onuň öýünde köp ýeri sökülip giden birje haly bar. Ol-da sadaja töwriz halysy" diýip, Mahalati aýdýar.

Mahalatiniň ýokary ýolbaşçynyň durmuşyny beýle suratlandyrmagy döwletiň Eýranyň ýolbaşçylaryny dünýe malyna ähmiýet bermeýän takwa adamlar edip görkezmek baradaky synanyşyklaryna gowy gabat gelýär.

Hameneýiniň ýaşaýyş ýagdaýy barada jikme-jik maglumatlaryň peýda bolmagy ilkinji gezek däl. Onuň beýleki kömekçileriniň birnäçesi, şol sanda Bilermenler ýygnagynyň agzasy Aýatolla Abolhassan Mahdawi-de soňky ýyllarda ýokary ýolbaşçynyň sada durmuşda ýaşaýandygyny öwdi. Eýran ýolbaşçysynyň öýünde birje tozgun halynyň bardygyny Mahdawi-de öz ýatlamalarynda tassyklaýar.

Waşingtonyň Ýakyn Gündogar syýasaty institutynda Eýran boýunça ekspert Mehdi Halajiniň bellemegine görä, Hameneýiniň sada durmuşy barada aýdylýan zatlar az-kem ulaldylsa-da, köplenç hakykat:

"Onuň geýýän egin-eşigi, şol sanda dony-da, gowy materialdan edilen, käbirleri hem gaty gymmat. Ýöne bulary onuň özi hökman satyn alanok. Bular oňa sowgat ýa sadaka diýip berilýär. Ol bulara pul tölänok. Onuň öýüne baryp gören adamlar ol ýerde zynatly zatlar ýok diýýärler. Eýranda kanun boýunça ýokary lidere aýlyk haky ýok. Prezidente, ministrlere we kanun çykaryjylara aýlyk haky tölenýär diýip, Halaji aýdýar. - Emma ýokary ýolbaşça aýlyk ýok. Sebäbi ýolbaşçy görelde çeşmesi hasaplanýar. Oňa pul dini berimlerden gelýär. Ol bu pullaryň bir bölegini öz güzeran durmuşy üçin ulanyp bilýär. Ýöne ol bergili diýilmegi hakykat däldir. Onuň aýşy-eşretli däl-de, sada durmuşy bar".

Beýleki ýolbaşçylar nähili?

Eýranyň beýleki ýolbaşçylary, syýasatçylary, şol sanda häzirki prezident Mahmud Ahmedinejad we Eýranda iň baý adamlaryň biri hasaplanýan öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjany hakda hem olaryň kömekçileri ýa döwlet mediasy tarapyndan olar gaty ýönekeý durmuşda ýaşaýar diýip, bular ýaly zatlar aýdylýar.

Ýöne bular ýaly propagandalar orta tap eýranlylarda gowy täsir galdyrmaýar. Hameniýiniň ýaşaýyş ýagdaýy barada berlen soňky interwýuny okan bir ýaş ýigit sosial mediada şeýle ýazdy: "Hameneýi çyndan şeýle garyp bolsa, onda ol hem sanksiýalardan, bahalaryň ýokarlanmagyndan, garyplykdan biziň ejir çekişimiz ýaly ejir çekmeli. Ýöne sanksiýalara köp derejede günäkär Hameneýiniň özi".
XS
SM
MD
LG