Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-Mun Siriýa boýunça aladalanmalaryň güýçlenýändigini aýtdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun, Kair, 20-nji noýabr, 2012.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun, Kair, 20-nji noýabr, 2012.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun 20 aýlap dowam edýän konfliktiň Siriýany regionyň söweş meýdanyna öwürmeginden howatyrlanýandygyny aýtdy.

Ban Ki-Mun bu barada hepdäniň sişenbe güni Kairde Arap Ligasynyň Baş sekretary Nabil Elaraby bilen geçiren duşuşygynyň yzýany aýtdy. Ol ýaragly konfliktiň güýçlenmegine we ynsan hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly aýylganç ýagdaýyň dowam edýänligine aladalanmalaryň artýandygyny nygtady.

Bosgunlar meselesi

Şeýle-de Ban Ki-Mun Siriýada gumanitar ýagdaýyň agyrlaşýandygyny, öz öýlerini terk edýän we daşary ýurtlarda gaçybatalga gözleýän bosgunlaryň sanynyň barha köpelýändigini belledi. Ban Ki-Mun Siriýa bilen goňşy döwletlere bosgunlara başpena we goldaw bermek üçin minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary Siriýa halkara ynsanperwer kömegini artdyrmaga hem çagyrdy.

Häzirki wagtda 400 müňden gowrak siriýaly bosgun hasaba alyndy. Olaryň köpüsi Siriýa bilen goňşy Türkiýede, Iordaniýada we Liwanda ýerleşýär.

Syýasy ýagdaý

Şol bir wagtyň özünde-de, Britaniýa Siriýada täze döredilen “Milli koalisiýa” atly oppozision topary resmi derejede ykrar eden ýene bir döwlet boldy.

Londonda parlamentde eden çykyşynda Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg britan hökümetiniň Siriýanyň milli koalisiýasyny “halkyň ýeketäk kanuny wekili hökmünde” ykrar etmek kararyna gelendigini yglan etdi.

Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Türkiýäniň Siriýadan gelýän potensial howplara garşy durmak üçin NATO-dan ýer-howa kysymly “Patriot” raketalary soramaga taýýardygyny aýtdy we bu ugurdan alynyp barylýan gepleşikleriň jemleýji tapgyra ýetendigini habar berdi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmusseniň hepdäniň duşenbe güni aýtmagyna görä, NATO Türkiýäniň ýüzlenmesine gaýragoýulmasyz ýagdaýda garar.

Hepdäniň sişenbe güni Damaskda Informasiýa ministriligine minometdan urlan zarbalar weýrançylyga sebäp boldy, adam pidalary barada habar berilmedi.
XS
SM
MD
LG