Sepleriň elýeterliligi

Zähmet migranty: Türkmenistanly liderler, bizi iş bilen üpjün ediň!


Azebaýjandaky türkmen zähmet migrantlary. 2012 ý.

Azebaýjandaky türkmen zähmet migrantlary. 2012 ý.

Berilýän maglumata görä Türkiýede we Türkiýe bilen baglanşykly Demirgazyk Kipr respublikasynda hem köp sanly türkmenistanly migrantlar zähmet çekýär. Eýsem, olaryň iş we durmuş şertleri nähili?

Bu soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy, Türkiýede işlän we häzirki döwürde hem Demirgazyk Kiprde zähmet çekýän bir türkmenistanly bilen söhbetdeşlik geçirdi. Adynyň agzalmagyndan saklanan zähmet migrantyTürkiýe bilen Demirgazyk Kiprdäki türkmenleriň başdan geçirýän ýagdaýlary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Näçe wagtdan bäri daşary ýurtda işläp ýörsüňiz?

Zähmet migranty: 2008-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Demirgazyk Kipr respublikasynda işläp ýörüs. Gelenimizden bäri görýänimiz diňe kynçylyk. Munyň hem üstesine gelen türkmenlerimiziň edýän gowy zatlary ýok.

Men bu ýagdaýy nähili edip size düşündirjegimi bilemok. Bu masgaraçylyklaryň aňyrsyna ýetip bolanok.
Adymyz diňe erbetlikde görünmese, gowulykda görünenok. Haçan gazede seretseň “Türkmenler ogurlykda tutyldy”, “Türkmenleriň aýal-gyzlary moral taýdan bozuldy. Munyn bilen tutuldy, onuň bilen tutuldy” şeýle gürrüňleri gaty kän eşidýäris.

Biziň adymyzy-abraňymyzy has pese düşürýän ýeri bolsa, marketlere-magazynlara girip, bir çüýşe kola ýa-da şoňa meňzeş zatlary ogurlap, ogurlykda tutylýandygy. Men bu ýagdaýy nähili edip size düşündirjegimi bilemok. Bu masgaraçylyklaryň aňyrsyna ýetip bolanok.

Watanymyz gowy bolan bolsa, işimiz-güýjümiz ýerbe-ýer bolan bolsa, şu adamlar hem gelmezdi. Ýöne ýagdaýymyz şular ýaly bolany üçin mejbur galyp, çörek puly diýip çykýarys. Ýurdumyzda iş ýok. Bolan bolsa-dy, meniň hiç gelesim gelmezdi. Çünki iş ýok, iş bolmansoň hem mejbur geldik. Çagalarymyzyň çörek puly diýip geldik şu ýere.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede zähmet migranty bolup işleýänleriň arasynda kanuny statusy bolmaýanlar hem köp diýilýär. Şolaryň iş şertleri, gündelik durmuşy nähili geçýärkä?

Zähmet migranty: Bärde bizi işletseler hem wagtynda puluňy berenoklar. Puluňy soran mahalyň ýurtdan kowduryp, masgara edip, üstüňe ogurlyk ýapyp, bärde bizi adam ornunda goýanoklar.

Türkmenistanyň liderlerine ýüzlenýäris! Eliňizden geldiginden bizi ýurdumyzda iş bilen üpjün ediň! Öz halkymyza seretsinler!
Ine şeýle sebäpden daşary ýurtdan Türkmenistanyň liderlerine ýüzlenýäris! Eliňizden geldiginden bizi ýurdumyzda iş bilen üpjün ediň! Öz halkymyza seretsinler! Iş şertleri barada aýdylanda bolsa, Demirgazyk Kipr respublikasy wize isleýär. Emma, Türkiýe bize açyk we bir aý wizasyz girmäge rugsat berýär. Demirgazyk Kipr respublikasy bolsa muňa rugsat bermeýär. Diňe wizaly kabul edip bilýär. Wizasyz gelen mahaly bir gün içerde ýatyryp, gelen uçaryň bilen yzyňa iberýär.

Azatlyk Radiosy: Demirgazyk Kipr respublikasynda näçeräk türkmenistanly zähmet migranty bardyr?

Zähmet migranty: Meniň eşdişime görä 9 müňe golaý.

Azatlyk Radiosy: Türkiýe tarapyndan habaryňyz barmy, Türkiýede näçeräk türkmenistanly zähmet migranty barka?

Zähmet migranty: Türkiýede 150-200 müň aralygynda. Türkiýäniň ýagdaýyny nähili düşündirsemkäm size. Iş ýagdaýlary Türkiýe halkynyň özüne hem ýok. Türkmenistanlylary ýöne az aýlyk bilen alýarlar. Biziň türkmenlerimiz bolsa, şonda hem ýene biziň aýlyklarymyzdan köp diýip, mejbury ýagdaýda razy bolup, ilşeýärler.

Azatlyk Radiosy: Zähmet migrantlarynyň tutulmak howpy barmy? Tutlaýan halatynda, olar nähili ýagdaýlary başdan geçirýär?

Zähmet migranty: Tutlaýan halatynda olaryň iş beren adamlary, ýagny işi kim beren bolsa şol adam olaryň hemme dokumendini düzeltmeli, biletini almaly, şol adamy ibermeli bolýar. Ýogsam, polisiýanyň daşary ýurtlylar baradaky bölümi bar, şol ýerde ýatyrýarlar.

Şol ýerden seniň öýüňe telefon etdirýärler. Şondan soň öýüňden pul ugratsalar, biletiňi kesip, ugradýarlar. Ýogsa-da yzyňdan biri gelýänçä, ilçihanamyzdan gelip, biletimizi kesýänçäler, daşaryk çykaranoklar.

Demirgazyk Kipr respublikasynda para berip, işini oňarýan ýok. Emma, Türkiýede bar. Demirgazyk Kiprde tutulsaň, erbet iş etseň, göni gidýäň. Türkiýede tutlsaň bolsa, daşaryk çykaranoklar.

Iş beren başlyklaryna hemme zady kesdirip, Türkmenistan uçaryna mündirýärler. Demirgazyk Kipr tarapda tutylanlar hem bar. Biz tarapdan gelenleriň köpüsinde sary getirme keseli bar. Bular şeýle keseli bolanlara gowy garamaýarlar.

Türkiýede hepatit J, ýagny gepatit C bilen tutulan adama hiç hili geçirimlik ýok, derrew gyzyl möhüri urup, öýüne ugradýarlar. Ondan başga hiç-hili ýol ýok. Şol sebäpden hem wizasyz işleýärler.

Gije klublarynda tutulyp ýa-da bir ogurlykda tululyp, uruş-sögüşde ýa-da bir ýerde eline düşýär polisiýanyň. Polisiýa olaryň adyny, familýasyny öwrenip, ýagdaýyny görüp “Hä, seniň keseliň bardy. Hany, ýör. Sen bir ýerde bir iş edensiň” diýýär. Şol güniň ertesi hem gazetde Türkmenistan habary çykýar. Indi biz gazet almaga utanýarys dogrusyny aýtsak.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG