Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Otly biletleri näme üçin gyt?


Aşgabadyň demirýol wokzalynda hem köplenç halatda haýsy-da bolsa bir ugur boýunça biletleriň satuwda ýokdugy barada bildirişler berilýär.

Aşgabadyň demirýol wokzalynda hem köplenç halatda haýsy-da bolsa bir ugur boýunça biletleriň satuwda ýokdugy barada bildirişler berilýär.

Adatça, Türkmenistanda otly ýa-da uçar biletleriniň gytlygy tomus aýlarynda ýiti duýulýar. Emma häzirem, gyzgalaňly möwsüm hasaplanmasa-da, otly biledini tapmagyň kyndygyny transportyň bu görnüşinden peýdalanýan ýolagçylar aýdýarlar. Şolaryň biri 31 ýaşly lebaply Narkuly.

“Häzirem otla bilet tapmak kyn. Köplenç halatda tanyş-bilişlik bilen bilet almaly bolýar. Ýogsam, bilet tapyp bolmaýar” diýip, Narkuly zeýrenýär.

Aşgabadyň demirýol wokzalynda hem köplenç halatda haýsy-da bolsa bir ugur boýunça biletleriň satuwda ýokdugy barada bildirişler berilýär. Lebaply Narkulynyň pikiriçe, otla bilet ýetmezçiligi emeli döredilýär.

“Kassada oturanlar, ýolbeletler, wokzalyň beýleki işgärleri, hatda wokzalda tertip-düzgüne seretmeli polisiýa işgärleri hem bikanun bilet söwdasyndan peýda görýärler. Mysal üçin, Aşgabadyň demirýol wokzalynyň kassirleriniň resmi bahasy 15 manat bolan kupe wagonynyň bir ýerini 20 manatdan satýan halatlary seýrek däl” diýip, Narkuly aýdýar.

Transportda biletleriň ýetmezçiligi hem-de bu söwdadaky kemçilikler baradaky meseleler hökümet maslahatlarynda hem ençeme gezek gozgaldy. 1-2 aý mundan ozal, şolar ýaly hökümet maslahatlarynyň birinden soň, Aşgabadyň demirýol wokzalynda goşmaça täze kassa penjireleri açyldy. Bu ýagdaý ýolagçylaryň uzyn nobatlaryny gysgaldypdy. Emma bu çäräniň otla bilet ýetmezçiliginiň öňüni o diýen alyp bilmändigini demirýol transport edarasynyň işgärleriniň käbirleri hem boýun alýarlar.

“Bilet ýetmezçiligi hökümet maslahatynda gozgalsa, şonda barlaglar geçirilip, bilet söwdasy kadalaşdyrylýar. Emma biraz wagtdan soň ýene-de öňküsi ýaly ýaramazlaşýar” diýip, demirýol transport edarasynyň adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş eden işgäri gürrüň berýär.

"Bron"

Onuň pikiriçe, biletleriň ýetmezçiliginiň bir sebäbi öňünden buýurma esasynda ýer bellemek bilen bagly. Il içinde “bron” diýlip atlandyrylýan bu ýolagçy orunlar döwlet guramalarynyň käbirlerine berilýär. Demirýol transport edarasynyň adynyň efirde tutulmnazlygyny haýyş eden işgäriniň aýtmagyna görä, soňky döwürler öňünden buýurma esasynda ýolagçy orunlary berilýän döwlet guramlarynyň sany hem artypdyr.

“Öň esasan hukuk goraýjy edaralara, ministrliklere bron berilýän bolsa, indi welaýatlaryň medeniýet, bilim, sport bölümlerine hem berilýär. Munuň sebäbi-de ýurduň dürli-dürli künjeklerinde geçirilýän köpçülikleýin çäreler bilen bagly. Şol guramalaryň işgärleriniň köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerine wagtynda barmaklary üçin edilýär” diýip, demirýol transportynyň işgäri aýtdy.

Adatça, otludaky ulanylmadyk bron ýerleri ýönekeý raýatlara otly ugramazyndan bir, bir ýarym sagat öňünden satylýar. Emma, käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, döwlet guramalary üçin berilýän “bron” orunlaryny hem şol guramalaryň işgärleri satýarlar.

Lebaply 31 ýaşly Narkuly hem şeýle ýagdaýyň bardygyny tassyklaýar: “Men Türkmenabatdan Aşgabada gaýdanymda üç gezek welaýatyň bilim bölümine degişli “bron” biletini şol bölümiň işgärinden satyn aldym”.

Esgerler we tussaglykdan boşanlar

Öňünden buýurma esasynda ýolagçy orunlary berilýän döwlet edaralarynyň käbirleriniň wekilleriniň kähalatlarda şol hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmeýändikleri barada hem aýdylýar.

Häzir ýurt boýunça gulluk ýaşyna ýeten raýatlaryň harby gulluga çagyrylyşy dowam edýär. Olaryň köpüsi gulluk etmeli ýerlerine otly bilen barmaly. Emma olara niýetlenen ýerleriň olary äkidip barýan ofiserlerdir seržantlar bilen ylalaşylyp, ýolbeletler tarapyndan ýönekeý ýolagçylara satylýandygyny ýakyn wagtda ogly harby gulluga Guşga iberilen 52 ýaşly aşgabatly Rahman aýdýar.

“Şonuň üçin ýaňy gulluga çagyrylan esgerleriň käbirleri wagonlaryň kupelerinde ýa-da plaskartlarynda ýatman, geçelgelerde ýatmaly bolýarlar” diýip, Rahman Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Mundan başga-da ýylyň dowamynda günägeçişlikde boşadylan ýa-da jeza möhleti dolup azatlyga goýberilen tussaglaryň käbirleriniň, öýlerine barmak üçin döwlet tarapyndan berlen ýörite rugsatnamlarynyň bardygyna garamazdan, otluda ýer berilmeýändigi aýdylýar. 17 ýyl Tejeniň türmesinde oturyp çykan daşoguzly Orunbaý şolaryň biri. Üç gün mundan ozal azatlyga çykan Orunbaý Tejenden Aşgabada taksili gelip, indi paýtagtyň köçelerinde Daşoguza gitmek üçin adamlardan pul sorap ýör.

“Döwlet transportynda, öýe barýançam, mugt ýer berilmelidigi baradaky resminama garamazdan, maňa otludan ýer bermediler. Olar meniň polisiýa ýüz tutmajakdygymy bilýärler” diýip, Orunbaý gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG