Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: San-Fransiskada ýalaňaç gezmegi gadagan edýän kanun tassyklandy


ABŞ-da San-Fransiskanyň kanunçykaryjylary jemgyýetçilik ýerlerinde ýalaňaç ýagdaýda gezmegi gadagan edýän kanuny tassykladylar.

Täze kanuna görä, jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda köçelerde, jemgyýetçilik transportlarynda jynsy organy görkezmek gadagan edilýär. Emma, şäheriň käbir köçelerinde muňa rugsat berler.

Mundan öň, San-Fransiskanyň häkimiýetlerine şäheriň köçelerinde ýalaňaç adamlaryň ýygy-ýygydan duş gelinýändigine köp arz-şikaýat edilipdir.

Kanuny ilkinji gezek bozana 100 dollar, üçünji gezek bozana 500 dollar möçberinde jerime salnar we 1 ýyl türme tussaglygy berlip bilner.

Jemgyýetçilik ýerlerinde ýalaňaç ýagdaýda gezmegi goldaýanlar, bu kanunyň söz azatlygyny bozýandygyny öňe sürüp, arz etdiler.
XS
SM
MD
LG