Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Janyndan geçenleriň hüjüminde howpsuzlyk işgärleri öldi


Owganystanda Kabuldaky ABŞ-nyň bazasynyň golaýynda, janyndan geçenleriň amala aşyran hüjüminde howpsuzlyk güýçleriniň iki wekili öldi. Çarşenbe güni amala aşyrylan hüjümde, parahat ilatyň arasyndan bäş adam hem ýaralandy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, hüjümçiler baza tarap barýan mahaly, Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan saklanylýar. Sakçylar olara garşy ok atdylar, emma munuň netijesinde, olaryň üstündäki partlaýjy serişdeler hem ýarylypdyr.

“Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG