Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltjek diýýär


Türkmenistanyň Merkezi Banky, Aşgabat.
Türkmenistanyň Merkezi Banky, Aşgabat.

Türkmen hökümeti ýurtda aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagyny, şeýle-de internet hyzmatlarynyň gerimini hem hilini gowulandyrmak meselesini 19-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýene-de gozgady.

Öýden çykman özüňe gerek harytlary satyn almak, jaý, suw, elektrik togy ýaly hojalyk töleglerini amala aşyrmak, uçar biletlerini satyn almak, bankdan alynan kreditiň nobatdaky tölegini tölemek ýaly elektron operasiýalar şu günki gün tutuş dünýäde ýönekeý adamlaryň internet arkaly amala aşyrylýan gündeki we adaty işleridir.

Türkmenistanda internet hyzmatlarynyň häzirki ýagdaýy we olary gowulandyrmak üçin görülýän çäreler barada resmi maglumatlarda habar berilmeýär, emma “internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek” boýunça resmi planlar ýakyn günlerde yglan edildi.

Häzirki ýagdaý

Tükmenistanda elektron hyzmatlaryň ýagdaýy köpden bäri garaşsyz habar beriş çeşmeleriň üns merkezinde durýar. Türkmenistanda internet arkaly hiç hili hyzmatlaryň elýeterli däldigi we hatda bank pudagynda tutuş dünýäde onlarça ýyl bäri giňden ulanylýan elektron tölegleriň-de ilat üçin elýeterli däldigi aýdylýar.

Hususan-da Orsýetiň “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň maglumatynda “Türkmenhowaýollarynyň” täze girizen internet hyzmatlaryna üns berilýär we ýaňy-ýakynda girizilen elektron görnüşli uçar biletleriniň söwdasynyň peýdasyzdygyny bellenýär.

Uçar biletlerini internet arkaly satmak düzgüni girizilen hem bolsa, müşderileriň ýene-de edara barmaga mejbur bolýandygy, sebäbi bilet üçin tölegleriň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly elektron görnüşde däl-de, bilet satýan edarada nagt pula amala aşyrylýandygy maglumatda aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda türkmen ýolbaşçylarynyň “ýurtda ýok zatlary agzamaklarynyň, elektron hyzmatlaryň çakdan-aşa yzagalaklygyna” ünsi çekýändigi bellenýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda banklaryň plastik kartlary ozalkysyndan köp ulanylyp başlandy. Emma olaryň ulanylyşynyň öz aýratynlyklary bar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, kartlar esasan nagt pul almak üçin ulanylýar, şol bir wagtda-da bankomatlara garanda puly bankyň özünden almak has ýörgünli bolmagyna galýar. Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda Türkmenistanda we hatda onuň paýtagtynda-da plastik kartlaryň töleg üçin ulanylmaýanlygy habar berilýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy žurnalist Aşyrguly Baýryýew kartlaryň töleg üçin kabul edilmegini özüniň görmändigini aýtdy. Ol bank kartlaryň ulanylyşy barada şeýle gürrüň berdi: “Türkmenistanda bank kartlar, plastik kartlar dört-bäş ýyl bäri ulanylyşa girizildi. Ýöne olar çäkli ýagdaýda ulanylýar. Esasan käbir ministrlikleriň, käbir edaralaryň işgärleri aýlyk zähmet haklaryny banklaryň öňünde goýlan bankomatlardan baryp alýarlar”.

Internet we ösüş

Ykdysadyýetçiler şu günki gün internet tehnologiýalaryny ulanmadyk ýurtlaryň ykdysady ösüşden yzda galýandygyny belleýärler.

Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi atly uniwersitetiniň Informasiýa, ykdysadyýet we syýasat fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdalsew Türkmenistanda internet tehnologiýalarynyň häzirki derejesini Demirgazyk Koreýanyň ýagdaýyna deňedi we şeýle ýagdaýyň ýurt üçin dünýäden yzda galmak howpuny döredýändigini belledi.

Suzdalsew Türkmenistanda internetiň çäkli ýagdaýda ösmeginiň sebäplerini ýurduň umumy informasiýa taýdan üzňeliginde görýär.
Türkmen häkimiýetleri interneti doly açmasalar, internet hyzmatlarynyň geriminiň giňeljegi şübheli görünýär.



Suzdalsewiň pikirine görä, Türkmenistan “awtoritar režimiň logikasyna eýerýär”.

“Ýurt ýolbaşçylary öz propagandasynyň gaty gowşakdygyna we onuň örän sada görnüşlidigine düşünýärler. Olar interneti doly açan ýagdaýynda dürli maglumatlaryň halkyň üstüne sil bolup akjagyny we öz gözegçiliginiň gowşajagyny bilýärler. Şonuň üçin, türkmen resmileri internet hyzmatlarynyň ykdysadyýet we budjet üçin has köp oňaýlyklary döredýänligine garamazdan, internetiň ilat tarapyndan giň ulanylmagyny islemeýärler. Emma türkmen häkimiýetleri interneti doly açmasalar, internet hyzmatlarynyň geriminiň giňeljegi şübheli görünýär. Bu şu çaka çenli hiç kime, hatda Hytaýa-da başartmady”.

Soňky döwürde internet hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpelýär. Internet arkaly döwlet edaralaryna ýüzlenmek, resmiler bilen aragatnaşykda bolmak, arza ýollamak, hatda internet arkaly saýlawlara gatnaşmak we häkimiýeti saýlamak ýaly mümkinçilikler dünýä ýurtlarynda has giň ulanylýar. Hususan-da, internet arkaly ses bermek usulyny ilkinji gezek Estoniýa 2011-nji ýylda geçiren parlament saýlawlarynda ulandy.
XS
SM
MD
LG