Sepleriň elýeterliligi

Lawua: "Türkmenistan - geň-taňlyklar ýurdy"


Kanadaly žurnalist Frederik Lawua (Frédérick Lavoie) ýol ýazgylarynyň 37 sahypasynyň Türkmenistana bagyşlanandygyny aýdýar,

Kanadaly žurnalist Frederik Lawua (Frédérick Lavoie) ýol ýazgylarynyň 37 sahypasynyň Türkmenistana bagyşlanandygyny aýdýar,

Kanadaly žurnalist Frederik Lawua (Frédérick Lavoie) bäş ýyl Moskwada ýaşap, öňki sowet respublikalarynyň ählisine aýlanyp çykdy. Onuň ýol ýazgylary "La Peuplade" neşirýatynda “Bir ugra alnan biletler” ady bilen, aýratyn kitap görnüşinde, fransuz dilinde çap edildi. Bu kitabyň 37 sahypasy Türkmenistana bagyşlanypdyr. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban kanadaly žurnalistiň Türkmenistan baradaky pikirleri bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda haçan bolduňyz we oňa içinden nähili ýakyndan syn edip bildiňiz?

Frederik Lawua: Men Türkmenistanda 2008-nji ýylyň dekabrynda boldum, men Merkezi Aziýanyň bäş post-sowet respublikasyna sapar edýärdim. Elbetde, Türkmenistana barmak gaty kyn zatdy, sebäbi žurnalistler üçin ol ýere wiza almak kyndy. Onsoň men tranzit wiza aldym, ýagny Özbegistandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen Azerbaýjana gitdim. Şeýdip men Türkmenistanda bäş gün boldum. Bu günler meniň üçin hakykatdan hem möhüm boldy.

Men öz kitabymda bu Merkezi Aziýa ýurdy barada kän gürrüň etdim. Sebäbi men munuň örän gymmatly žurnalistik materialdygyny bilýärdim. Çünki ol ýere kän žurnalist azat-erkin baryp bilenokdy. Onsoň şol bäş günde men Türkmenabatdan Hazaryň boýundaky Türkmenbaşa çenli syýahat etdim we hakykatda ol ýurdy özüm üçin açmagy başardym.

Azatlyk Radiosy: Siz golaýda Halkara Fransuz radiosyna beren interwýuňyzda özüňiz üçin Özbegistan bilen Türkmenistanyň aratapawudyny kesgitlemegiň kyn bolandygyny aýtdyňyz. Şol bir wagtda-da türkmenleriň köpüsi ýagdaýlarynyň nähili erbetdigine hem düşünmeýär diýýärsiňiz. Şu pikiriňizi has giňräk düşündirip bilmezmisiňiz?

Frederik Lawua: Meniň aýtjak bolan zadym bu ýurtlaryň, Türkmenistan bilen Özbegistanyň ikisinde-de örän agyr diktatura bar. Emma mende galan täsire görä, Özbegistanda adamlar özleriniň diktatura astynda ýaşaýandyklaryndan has kän habarly görünýär. Bu diňe mende şol ýerde bolan wagtym galan täsir.

Emma Türkmenistanda režimiň ýöreden propagandasy, mende galan täsire görä, Özbegistandaka garanda gowy işläpdir. Sebäbi ol ýerde adamlar köplenç özleriniň garyplyklary bilen diktaturany baglanyşdyryp bilenoklar.

Hakykatda ýurt baý, ol ýerde gaz bar, nebit bar, emma adamlar şindem kyn şertlerde ýaşaýarlar. Emma olar käte režimi goraýarlar, bolmasa men munuň arkasynda gorkynyň bardygyna-da düşünýärin. Men takside birnäçe adam bilen gürrüňdeş bolup, olardan "prezidenti tankyt edip bilýäňizmi" diýip sorasam, olar "biz prezidenti näme üçin tankytlamaly" diýdiler. Men olara prezidenti tankyt etmäge hemişe sebäp boljagyny aýtdym, olar "biz prezidenti tankyt etmäge sebäp tapamyzok, sebäp tapmak islämizok" diýip jogap berdiler.
Kanadaly žurnalist F. Lawuanyň Türkmenistanda düşüren suraty.

Kanadaly žurnalist F. Lawuanyň Türkmenistanda düşüren suraty.


Onsoň men basyşyň olaryň özleriniň bir bölegi bolandygyny duýdum. Men olaryň özlerine režimi tankyt etmäge, hatda tankyt etmek üçin sebäp tapmaga hem ygtyýar bermejeklerine düşündim.

Azatlyk Radiosy. Siz näme üçin Türkmenistandaky diktatura Özbegistandakydan has aýylganç diýýärsiňiz? (Bu pikiri siz fransuz radiosyna aýtdyňyz.) Özbegistanda müňläp syýasy tussag bar, Türkmenistanda bolsa beýle kän syýasy tussagyň ýokdugy aýdylýar.

Frederik Lawua: Belki-de bu Türkmenistanda režimiň örän geň-taňlygy sebäplidir. Men Özbegistanda hakyky diktatura bar diýip pikir edýärin, ýagny ol ýowuz, olar oppozisiýany basyp ýatyrýar, adamlar režimden gorkulýandygyny bilýärler. Emma Türkmenistanda gaty geň, Türkmenbaşy diri mahalynda bütin ýurdy öz daşynda aýlaýardy. Adamlar bolsa oňa ynanýan ýalydy. Men öz kitabymyň Türkmenistana bagyşlanan bölümini "Türkmenistan – geň-taňlyklar ýurdy" diýip atlandyrdym.

Mende galan täsire görä, adamlar daşardan ýeterlik maglumat alyp bilmänsoňlar, öz ýurtlaryny başga ýurtlar bilen deňeşdirip, ýagdaýyň erbetdigine-de düşünip bilenoklar. Şu sebäpden hem, belki-de režimden gorky adamlaryň içine ornaşyp, olar munuň garşysyna hiç zat etmek isleýän däldirler. Belki-de Özbegistandaky adamlar režime garşy has kän protest bildirýändir we şu sebäpli hem ol ýerde has kän syýasy tussag bardyr. Çünki ol ýerde adamlar režime garşy nämedir bir zat edýärler.

Emma Türkmenistanda, meniň düşünişime görä, ýurt içinde režime garşy hakykatda gaty az adam işleýär. Sebäbi bu gaty kyn, adamlar muňa hatda het edibem bilenoklar. Olar munuň üçin gaty ýowuz jezalandyryljaklaryny gowy bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň geljegi barada näme pikir edýärsiňiz? Mysal üçin, geljek on ýylda ol ýerde nähili üýtgeşiklik bolup biler?

Frederik Lawua: Men bu barada beýle optimist däl, sebäbi men anyk nämäniň üýtgäp biljegini bilemok. Intellektual elita häkimiýeti ele alyp, demokratiýa-ha diýmäýin, Türkmenistanda hakyky bir döwlet gurup bilerdi. Emma Türkmenistanda hakykatda döwlet gurup biljek adamlaryň hemmesi ýurt daşynda, sebäbi olar muny ýurt içinde edip bilenoklar. Onsoň olaryň yzlaryna gelmesi hem kyn bolar.
F. Lawuanyň Türkmenistanda düşüren suratlaryndan.

F. Lawuanyň Türkmenistanda düşüren suratlaryndan.


Häkimiýet elýeterliligi hakykatda ýapyk we, meniň pikirimçe, iş başyndaky režim muny üýtgetmez. Mundanam başga, oppozisiýanyň hem daşardan kän goldawy ýok. Çünki günbatar ýurtlary, şol sanda Orsýet Türkmenistandan nebit we gaz sebäpli köp zat gazanýar.

Şeýlelikde, olar hatda muny göni aýtmasalaram, meniň pikirimçe, durnuklylykdan, biz türkmen režiminiň durnuklylygyndan hem diýip bileris, gelýän girdeji üçin, olar režim çalyşmaga kömekleşmäge synanmazlar. Sebäbi olar türkmen nebit-gazyndan peýda görýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG