Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: Klinton we Ban Abbas bilen duşuşdylar


Çarşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun aýry-aýrylykda Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas bilen gepleşikleri geçirdiler. Olar Gaza zolagynda Hamas topary bilen Ysraýylyň arasynda ýaraşygy sazlamaga synanyşýarlar.

Ban Ki-mun Abbas bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Gaza tarapyndan Ysraýyla garşy atylýan raketalaryň dessine togtadylmagyna çagyryş etdi. Klinton hem Abbas bilen duşuşyk geçirdi.

Hamas topary bilen Ysraýylyň arasyndaky konflikt sekizinji gününe girdi. Gowuşýan maglumatlara görä, häzire çenli 136 palestinaly we bäş ysraýylly heläk bolupdyr.

Ikitaraplaýyn ok atyşyklary çarşenbe güni hem dowam etdi.
XS
SM
MD
LG