Sepleriň elýeterliligi

“Freedom Now” türkmenistanly bendileriň adyndan BMG-ä petisiýa ýollady


"Freedom Now" guramasy wyždan ýesirleri diýlip atlandyrylan türkmenistanly raýatlaryň azatlykdan mahrum edilmeklerine alada bildirýär.

"Freedom Now" guramasy wyždan ýesirleri diýlip atlandyrylan türkmenistanly raýatlaryň azatlykdan mahrum edilmeklerine alada bildirýär.

“Freedom Now” guramasy “Ýegowanyň şaýatlary” atly dini akymyň türkmenistanly wekilleri Juma Nazarowyň, Nawruz Nasyrlaýewiň, Zafar Abdullaýewiň we Mahmud Hudaýbergenowyň adyndan BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça işçi toparyna petisiýa, ýagny köpçülik arzasy bilen ýüz tutdy. Bu baradaky maglumat we petisiýanyň teksti “Freedom Now” guramasynyň websaýtynda ýerleşdirilipdir.

20-nji noýabrda BMG-a ýollanan bu petisiýada wyždan ýesirleri diýlip atlandyrylan türkmenistanly raýatlaryň tussag edilmekleri bilen bagly gyssagly herekete çagyryş edilýär.

“Freedom Now” guramasy Nazarowyň, Nasyrlaýewiň, Abdullaýewiň we Hudaýbergenowyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegi boýunça meselä BMG-niň işçi toparynyň garaýşyny bilmek üçin bu edara ýüz tutdy.

Guramanyň maglumatyna görä, ady agzalan bu raýatlar “Ýegowanyň şaýatlary” akymynyň ynanjy esasynda Türkmenistanda hökmany harby gullukdan boýun gaçyrandyklary üçin 18 aýdan iki ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Bu dini akymyň wekilleriniň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň birinji bölümi esasynda jogapkärçilige çekilendigi aýdylýar. Bu madda esasynda harby gullukdan boýun gaçyranlykda jeza berilýär.

“Türkmenistanyň kanuny dini ynanjy esasynda gullukdan ýüz öwürýänler üçin alternatiw graždan gulluk mümkinçiligini döretmeýär. Bu ýagdaý bolsa halkara hukugyna ters gelýär” diýlip, “Freedom Now” guramasynyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle hem türkmen hökümeti hukuk meselesi boýunça halkara standartlarynyň esasy prinsiplerini bozýar diýlip, maglumatda nygtalýar.

Türkmenistanda harby gulluk kämillik ýaşyna ýeten oglanlaryň hökmany borjy hasaplanýar.

Dini ynançlary esasynda harby gullukdan yzygiderli boýun gaçyrandyklary sebäpli Nasyrlaýew bilen Abdullaýewiň 219-njy maddanyň birinji bölümi boýunça eýýäm iki gezek sud jogapkärçiligine çekilendigi we munuň halkara hukugynyň prinsiplerine gabat gelmeýändigi barada “Freedom Now” guramasy BMG-ä ýollan arzasynda ýazýar.

Bu arzada Türkmenistanda dini azlyklara degişli käbir raýatlara garşy gynamalaryň we gödek çemeleşmeleriň ýüz berýän ýagdaýlary baradakay maglumatlara esaslanyp, Nazarowyň, Nasyrlaýewiň, Abdullaýewiň we Hudaýbergenowyň mundan beýläk tussaglykda saklanmagy olaryň janyna we saglygyna howp abandyrýar diýlip bellenilýär.

“Taryhy faktlar Türkmenistanyň halkara gözegçiligi üçin ýapyk ýurtdugyny görkezýär. Garaşsyz halkara guramalaryna ýagdaýy barlap görmäge we synlamaga rugsat berilmeýär” diýip, “Freedom Now” guramasy BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça işçi toparyna ýollan arzasynda belleýär.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän girdejisiz, hökümete degişli bolmadyk, garaşsyz “Freedom Now” guramasy hukuk normalary, syýasy we jemgyýetçilik gatnaşyklary esasynda wyždan ýesirlerini azat etmek boýunça iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG