Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Kawkaz: Dagystandaky partlamada üç adam heläk boldy


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda amala aşyrylan bomba partlamasynda, polisiýanyň iki işgäri we parahat ilatyň arasyndan bir adam öldi.

Derňew resmileriniň berýän maglumatyna görä, respublikanyň Untsukul etrabynda bankyň golaýynda iki bomba partladylypdyr. Birinji partlamada hiç kime şikes ýetmändi, emma günorta golaý, howpsuzlyk işgärleri barlag işlerini geçirýän mahaly ikinji bomba ýaryldy. Netijede, üç adam öldi.

Dagystan Demirgazyk Kawkazdaky iň gazaply respublikalaryň birine öwrüldi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG