Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Oppozisiýa we media gadaganlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Nurdaulet Suindikow, Gazagystanyň baş prokuraturasynyň sözçüsi

Nurdaulet Suindikow, Gazagystanyň baş prokuraturasynyň sözçüsi

Gazagystanyň häkimiýetleri iki sany oppozisiýa toparyny we birnäçe media serişdesini ekstremist diýip häsiýetlendirip, olara gadaganlyk girizmekçi bolýar.

Bu barada Gazagystanyň baş prokuraturasynyň sözçüsi Nurdaulet Suindikow çarşenbe güni yglan etdi.

Almatynyň prokuraturasy “Alga” partiýasyny we “Halk fronty” hereketini ekstremist gurama diýip häsiýetlendirmek barada suda ýüz tutdy.

Şeýle hem Suindikow “Respublika” we “Vzglýad” atly oppozisiýa gazetleriniň, “K Plýus” satelit telekanalynyň hem-de birnäçe onlaýn habar saýtlarynyň petiklenjekdigini aýtdy.

Oppozisiýa garşy alnyp barylýan bu hereketiň öň ýanynda, geçen aýda “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow öten ýyl Žanözen şäherinde we Şetpe obasynyň golaýynda gozgalaňlary öjükdirenlikde güman edilip, oňa garşy günä bildirildi.

Dekabrda ýüz beren çaknyşykda polisiýa 17 adamy atyp öldürdi. Geçen oktýabr aýynda Kozlow ýedi ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Baş prokuraturanyň çarşenbe güni agzap geçen ähli media serişdeleri Žanözendäki gozgalaň barada yzygiderli maglumat berdiler. Emma şol wakalar barada döwlet kontrollygyndaky media serişdelerinde berlen maglumatlar ujypsyz boldy.

Žanozendäki we Şetpe obasyndaky wakalaryň oppozision media serişdelerinde beýan edilmegi Kozlowyň sudunda prokuraturanyň subutnamasy hökmünde ulanyldy. Prokurorlar Kozlowyň habar serişdelerine beren beýanatlaryna sosial ýigrenje çagyryş edýän çykyş hökmünde salgylandylar.

Prokuraturanyň hereketi ýazgarylýar

Gazagystanyň žurnalistler birleşiginiň başlygy Seýitkazy Mataýew prokurorlaryň bu hereketini ýazgardy. Ol bu hereketiň täsiri ýeten ähli media serişdelerini goramaga öz guramasynyň taýýardygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Şu gün men bu barada eşidenimde, muňa gaty geň galdym. Bularyň hemmesi Žanozen wakalary we Kozlowyň işi bilen bagly bolup görünýär” diýip, Mataýew aýtdy.

“Ertir Gazagystanyň žurnalistler bileleşigi gadaganlyga düşen ähli gazetleri we telekanallary goldap Almatyda metbugat konferensiýasyny geçirer. Gerek bolsa, biz olary sudda gorap çykyş etmäge hem taýýar” diýip, Mataýew nygtady.

Düýbi Almatyda ýerleşýän “Adyl söz” atly media hukuklaryny goraýjy toparyň başlygy Tamara Kaleýewa prokurorlaryň beýanatyny tankytlady. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde oppozision mediany petiklemek hakykat ýüzünde ters netije berer diýdi.

“Alternatiw maglumat çeşmesine ýüzlenýan adamlar indi başga, ekstremist saýtlara ýüzlenerler. Bu bolsa jemgyýetde durnuksyzlygyň dowam etmegine getirer” diýip, Kaleýewa belledi.

Kaleýewa Gazagystanyň prokuraturasynyň bu hereketlerini 1930-njy ýyllarda başgaça pikirlenýänleriň yzarlanyşyna, jezalandyrylşyna we ýanalyşyna deňedi.
XS
SM
MD
LG