Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýaly syýahatçy Türkmenistandaky täsirleri barada


"Awaza" turistik zolagy. 2012 ý.

"Awaza" turistik zolagy. 2012 ý.

Käbir halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlardan biri: ýurtdan çykmak kyn, oňa barmak hasam kyn. Emma oňa garamazdan, ýurda barýanlaram bar.

Olardan birem ispaniýaly Mikel, ol bu saparynyň dowamynda diňe Türkmenistana däl, Ispaniýadan ýola çykyp, Gresiýa, Türkiýä Gürjüstana, Eýrana baryp, oňsoňam Türkmenistana barypdyr.

Azatlyk Radiosy Mikel bilen onuň Türkmenistana eden sapary, gören-eşidenleri barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiz we syýahatyňyz barada gürrüň beräýseňiz?

Mikel: Meniň adym Mikel, men Ispaniýanyň demirgazygyndan. Men öz syýahatymy 22 aý mundan ozal başladym, şondan bäri men Ýakyn Gündogardan Merkezi Aziýa çenli syýahat etdim.

Men Gresiýada, Türkiýede, Eýranda, Ermenistanda, Gürjüstanda bolup ýene-de Türkiýä bardym we Kipri gördüm. Onuň yzy bilen ýene Eýrana baryp, ol ýerden Türkmenistana geçdim.

Häzir men Türkmenistanda, sebäbi meniň Merkezi Aziýany göresim gelýärdi we şonuň üçin men Eýrandan Türkmenistana geçdim, indem Özbegistana gitmeli.

Azatlyk Radiosy: Näçe günden bäri siz Türkmenistanda syýahat edýärsiňiz?

Mikel: Men bärde köprägem boljakdym welin, mende diňe Eýrandan Özbegistana geçmek üçin tranzit wiza bar. Şonuň üçin men Türkmenistanda diňe 5 gün bolup bilýän we bu gün meniň bärde 4-nji günüm.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana wiza almak kyn boldumy?

Mikel: Kyn bolanok, sebäbi alan wizam diňe tranzit wiza we ol bäş günlük. Ýöne turistik wiza almak örän kyn, eger ähli zada pul tölejek bolsaň we köpräk puluň bolsa, turistik wizany-da almak, belki-de, kyn däldir. Men bolsa az pul sarp edip, syýahat edýän we meniň üçin turistik wizany almak gaty kyn bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen halky we onuň medeniýeti sizde nähili täsir galdyrdy?

Mikel: Meniň täsin gören zadym, bärde iki dürli jemgyýet bar eken. Bir tarapda türkmen köplügi we beýleki tarapda bolsa, dürli azlyk milletlerden - ruslardan, tatarlardan, ermenilerden durýan jemgyýetler. Men olaryň ikisine-de duşdum, bu gyzykly boldy.

Türkmenler örän myhmansöýer, edil Ýakyn Gündogaryň, Eýranyň we Türkiýäniň adamlary ýaly. Türkmenler otluda meni nahara çagyrdylar we men obalarda gezýärkäm meň bilen gürrüň etmäge we bile surata düşmäge çagyrdylar.

Azatlyk Radiosy: Turist hökmünde Türkmenistanda nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolduňyz?

Mikel: Men bärde bäş günlük bolamsoň, köp zatlary görüp bilmedim we köp kynçylyklara uçramadym. Ýöne bir mesele, otla bilet satyn almak maňa örän kyn boldy. Men düýn Maryda bolanymda, olarda Aşgabatdaky ýaly bir iş sistemasynyň ýoklugyny gördüm.

Aşgabatda, Ýewropadaky ýaly, çap edilip satylýan kassalary bar ekeni, ýöne Maryda diňe bir kassa işleýärdi we men iki sagat nobata durup, garaşmaly boldum. Bilet hem elde ýazylandy we onda [otlynyň] gelýän we ugraýan sagatlary takyk däldi.

Biletde – ýöne bir san bardy we men hiç zada düşünmämsoň, adamlardan üç sapar soramaly boldum. Men rus we türkmen dillerini bilemok, olar bolsa iňlisçäni bilenoklar, şol sebäpden-de düşünişmek gaty kyn boldy. Hatda men azajyk türkçe we rusça gürlejek bolup çalyşdym, ýöne olar maňa düşünmediler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň haýsy şäherlerinde bolduňyz?

Mikel: Men Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda bolup gördüm.
XS
SM
MD
LG