Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli gözellik şasy dişini gyjady


Orsýetiň adyndan bu ýylky Miss Ýerşary konkursyna gatnaşyjy Natalýa Perewerzewa

Orsýetiň adyndan bu ýylky Miss Ýerşary konkursyna gatnaşyjy Natalýa Perewerzewa

Umuman aýdanyňda, dünýä gözelleri belli bir syýasy düşünjä eýermeýärler.

Gürrüňi edilýän gözellik bäsleşiginiň ýeňijileriniň dünýäde ýagşylyk ugrunda göreşýän güýçdügine jedelli mesele hökmünde garaýanlar bar hem bolsa, bu gözellerden, içki eşikde sülmüräp, dünýä parahatçylygy barada birki agyz gürrüň etmeklerinden başga zada garaşylmaýar.

Her halda Miss Ýer şary atly gözellik bäsleşigine gatnaşyjylar jowur ak oturtma dişli, oturtma saçly adaty modeller ýaly däldir.

Miss Dünýä we Miss Älem gözellik ýaryşlaryna gatnaşýanlardan tapawutlylykda Miss Ýerşary bäsleşigine gatnaşýan gyzlaryň ekologiki ýagdaýlardan habarly bolmaklaryna we özleriniň “jadylaýjy dünýä gözeli” ady bilen abraý gazanýan bu perizatlaryň ekologiýa meselelerini gozgamaklaryna garaşylýar. Elbetde, olar içki eşikde sülmüremegem ýatdan çykarmaly däl.

Her niçigem bolsa, Orsýetiň adyndan bu ýylky konkursa gatnaşyjy Miss Ýerşary bäsleşiginiň syýasy taýdan wepaly guramaçylary üçin olaryň eden ylalaşyklaryndanam has netijeli çykyş edene meňzeýär.

WIDEO : Miss Ýerşary Orsýet 2012 -- Natalýa Perewerzewa


Haçan-da Natalýa Perewerzewadan öz watanynyň nämesine buýsanýanlygy soralanda, ol öz ene topragy baradaky soraga şadyýanlyk hem ussatlyk bilen liriki jogap berip, oňat çykyş etdi:

"Meniň ýurdum – örän aýdyň, örän ýyly hem ýaraly. Şonda-da gyş paslynda, daşarda harasat wagty, penasynda biraz irkilmek ýakymly. Meniň ýurdum – bu bir gül meňizli, hem nagyşly sarafan geýnen ajap gözel gyz. Hem owadan, hem ýakymly gözel gyz. Meniň ýurdum – gülknç şahly hem elmydam gäwüşäp duran ullakan gözli sygyr. Ah, onuň nähili ýakymly süýdi bar!"

Miss Perewerzewa öz watanyny söýýänem bolsa, muňa garamazdan, ol ýurtda goýberilýän kemçiliklerden habarly:

"Ýöne Orsýet - meniň garyp hem ejirli döwletim. Ony ýalançy, ynamsyz, açgöz adamlar birehimlik bilen böleklere bölüpdir. Orsýetimde az sanly “saýlanan” käbir adamlar öz jübüsini hazynadan galňadýar. Orsýetim diwana. Orsýetim öz garrysyna, ýetimine seredibem bilenok. Batan gämini taşlan dek, ony doktorlar, inženerler, mugallymlar taşlap gidýärler. Sebäbi ol ýerde ýaşamak kyn. Meniň Orseýetim - bu bir soňsuz Kawkaz jeňi. Gazaplanan bu doganlar ozal bir dilde geplän-de bolsalar, indi mekdeplerinde ors dilini ýatyrdylar. Meniň Orseýtim faşizmi ýeňen, ýöne bu ýeňşi millionlaryň janyny berip satyn alan ýurt. Aýdyň, nädip, nädip bu ýurtda indi milletçilik gülläp ösýär? Meniň eziz hem biçäre Orsýetim".

Perewerzewa-da, edil beýleki hakyky watansöýerler ýaly, ýagdaýyň düzeljegine ynanýar. Ol bu temany galdyrmak bilen Alekseý Nawalnynyň, Boris Nemsowyň yzyna eýerýäne çalym edýär. Şeýle-de, ýönekeý ors halkyny we graždan jemgyýetlerini döwleti düzetmäge çagyrýar:

"Meniň pikirimçe, Orsýetde ýaşaýan her bir adam özüni onuň bilen deň saýmaly. Gatnaşmaly we aktiw herekete goşulmaly. Şeýle bir pursatlar bar, biz gözümizi ýuman pursatymyz bozulýarys. Her gün biziň üçin ýakymly bolmadyk faktlara duşýarys. Ol faktlar biziň ene topragymyza mynasyp däl. Diňe biziň özümiz ýagdaýy üýtgedip bileris. Biz özümizi düşündirmegi hökman öwrenmeli we iň gowy taraplarymyzy görkezmeli. Biz diňe sarp ediji hökmünde ýaşamaly däl. Özümizi kämilleşdirmeli, kitap okamaly, üýtgeşik saz diňlemeli, ylmyň gazananlary bilen gyzyklanmaly. Syýasat gowy adamlar bilen gatnaşyk etmek üçindir, döredijiligi ösdürmek üçindir, bu dünýä täze bir zatlary getirmek üçindir. Biz çagalarymyzy ösdürip ýetişdirmeli we olara ruhy gymmatylyklar barada gürrüň bermeli, ukyplaryny ösdürmeli. Ana şonda biz gereksiz zatlardan gaça durup bileris. Haçan-da biz çynymyz bilen ýurdumyzy alada edip başlanymyzda, ol güllär we ýalkym saçar".

Perewerzewanyň bellikleriniň ors web ulgamynda birtopar gep-gürrüňiň başy bolandygyny aýtmak hökman dälmikä diýýärin. Onuň teswirleri ýerli blogsferada ýerleşdirileli bäri gürrüňdeşlik forumlary uzalyp barýar.

Öz ýurdy barada agyr gürrüňler edenligine garamazdan, Perewerzewanyň bellikleri bilen orslaryň ylalaşýany köp ýaly.

“Komsomolskaya prawda” tarapyndan internet arkaly geçirilen ses berişlige gatnaşan müňlerçe adamyň 90 prosentinden köpüsi onuň teswirleri bilen ylalaşýar.

-- Koilin O'Konnor
XS
SM
MD
LG