Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: "Talyban" hereketiniň hüjüminde 23 adam öldi


Pakistanda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde 23 adam öldi, başga-da 60-sy ýaralandy.

Çarşenbe güni giçlik Rawalpindi şäherinde, şaýylaryň bolýan ýerinde amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Şeýle-de çarşenbe güni Karaçi şäherinde şaýylaryň metjidiniň golaýynda iki bomba partladyldy. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, hüjümde azyndan bir adam öldi we ençemesi ýaralandy.

Häzir şaýy musulmanlary özleriniň mukaddes saýýan Muharram aýyny belleýärler.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Ahsanullah Ahsan Karaçide we Rawalpinde amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy. Ahsan sünni fundementalistleri bilen şaýylaryň arasynda “ynanç urşunyň” bardygyny aýtdy.

Bu hüjüm Yslamabatda geçjek “D-8” sammitiniň öňüsyrasyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG