Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: AI adamlaryň jezalandyrylyp öldürilmegine gynanýar


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amensty International” guramasy Owganystanda soňky iki günüň dowamynda, 12 adamyň jezalandyrylyp öldürilmegine özüniň gynanýandygyny aýtdy.

Çarşenbe güni owgan hökümetiniň metbugat wekili alty adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini tassyklap, çykyş etdi. Mundan bir gün öň, Owganystanda başga-da sekiz adam suduň karary esasynda öldürilipdi.

“Amensty International” guramasy owgan hökümetiniň soňky ýyllarda bu tendesiýadan el çekendigini belläp, munuň häzir täzeden başladylmagynyň ýerliklidigini sorag astyna aldy.

“Talyban” hereketi, eger-de olaryň wekilleri jezalandyrylyp öldürilse, ar aljakdygy bilen haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG