Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Türkiýe raketa hüjüminden goranyş sistemasyny soraýar


Türkiýe NATO-dan öz territoriýasynda “Patriot” raketa hüjüminden goranyş sistemasyny ýerleşdirmegini sorady.

Ýaranlygyň çarşenbe güni ýaýradan beýanatyna görä, Türkiýe özüni Siriýanyň hüjümlerinden goramak isleýär. NATO-nyň Baş sekretary Andres Fogh Rasmussen, Ankaranyň bu haýyşyna “gyssagly” serediljekdigini aýtdy.

“Patriot” raketa hüjüminden goranyş sistemasy, häzirlikçe, NATO agza döwletlerden diňe Birleşen Ştatlarda, Germaniýada we Niderlandlarda bar.

Geljek hepde NATO-nyň ýörite topary, degişli barlaglary geçirmek üçin, Türkiýä sapara barýar.
XS
SM
MD
LG