Sepleriň elýeterliligi

Ýakyn Gündogar: Iordaniýada protestler dowam edýär


Iordaniýada ýag-ýangyç bilen bagly protestler sekizinji gününe girdi. Gowuşýan maglumatlara görä, protestler ýurduň ençeme şäherlerinde, şol sanda Ammanda hem geçirilipdir.

Çarşenbe güni yslamçylar we çepçi aktiwistler hökümetiň ýag-ýangyç subsidiýalaryny togtatmagyny ýazgardylar. Şeýle-de olar soňky hepdäniň dowamynda tussag edilen ähli protestçileriň boşadylmagyny talap etdiler.

Protestiň ilkinji gününde 200 töweregi adam tussag edilipdi, 70-e golaýy ýaralanypdy we bir adam hem ölüpdi.

Iordaniýanyň hökümetiniň ýag-ýangyç subsidiýalaryny togtadýandygy baradaky kararyndan soň, benziniň bahasy 33% ýokarlandy, öý hajatlary üçin ulanylýan gazyň tölegi hem iki esse artdy.
XS
SM
MD
LG