Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: Ot atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyk berjaý edilýär


Gazanyň içinde we daş töwereginde bir hepdeläp dowam eden ganly zorluklary bes etmek baradaky halkara araçylyk tagallalarynyň netijesinde, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ot atyşyklary bes ediş başlanyp, ol penşenbe güni hem saklanýana meňzeýär.

Müsüriň daşary işler ministri Mohamed Kamel Amr bu ugurdaky ylalaşygy çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda yglan etdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ABŞ-nyň maslahatyna eýerip, ot atyşyklary bes etmek üçin mümkinçilik berendigini aýtdy. Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak özleriniň öňünde goýan ähli harby maksatlaryny amala aşyrandyklaryny aýtdy.

Emma, Hamasyň lideri Khaled Meşaal muny Ysraýyl üçin taktiki ýeňiliş boldy diýip atlandyrdy.

BMG-niň Baş sekretary iki tarapy hem gelnen ylalaşyga boýun bolmaga çagyrdy.

Bir hepdä golaý wagt dowam eden ot atyşyklarda 161, şol sanda parahat ilatyň arasyndan 71 palestinaly we bäş ysraýylly öldi.
XS
SM
MD
LG