Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa, ulag we wideoýazgy: orsýetliler ulag kamerasyna gyzygýarlar


Ulag kamerasy bilen surata düşürmek we ýazgy etmek orsýetli awtosürüjileriniň esasy guralyna öwrüldi.

Ulag kamerasy bilen surata düşürmek we ýazgy etmek orsýetli awtosürüjileriniň esasy guralyna öwrüldi.

Ulaga berkidilen wideo kamera bolan gyzyklanma Orsýetde giň gerim alýar. Bu enjam ulag sürüjilerine korrumpirlenen polisiýadan, şeýle hem kezzaplardan halas bolmaga ýardam berýär. Şeýle kamera arkaly surata düşürilen dürli wideo sýužetler rus dilindäki internetde hem peýda bolýar.

Bir jip maşynyna ýyldyrym ýagtysy düşen ýaly boldy. Bir ýaşuly aýal ulag sürüp barýar. Bir KamAz başga bir ulag bilen çaknyşanda onuň sürüjisi maşynyň aýnasyndan zyňylyp ýere düşýär, ýöne oňa hiç zat bolmaýar.



Bu wideo sýüžetler orsýetli sürüjileriň ýazgy eden we internetde ýerleşdiren birgiden wideo ýazgylaryndan mysal. Mundan başga internetde ýerleşdirilen sýužetlerde endamyňy tikenekledýän ulag betbagtçylyklaryny we sürüjileriň ýumruklaşýan pursatlaryny görmek bolýar.

Haýran galdyryjy wideo önümini döretmeklige bolan gyzyklanma Orsýetde giňden ýaýrady. Awtomobil sürüjileri ulag kamerasyny Orsýetiň polisiýasyndaky korrupsiýa we kezzaplyk ýoly bilen sürüjilerden pul alýanlara garşy göreşmäge ýardam bermekde ulanýarlar.

Korrupsiýa garşy gural

Ulag kamerasy bilen surata düşürmek we ýazgy etmek orsýetli awtosürüjileriniň esasy guralyna öwrüldi.

“Gök bedrejikleriň jemgyýeti” atly awtomobil sürüjileriniň hukuklaryny goraýan toparyň aktiwisti Alekseý Dozorow ýol hereketiniň düzgünleri bilen özlerini görkezýän Orsýetiň çinowniklerine garşy göreşde meşhurlyk gazandy.

Dozorow öz awtomobiliniň birnäçe aý mundan ozal polisiýa işgärleri tarapyndan saklananda bolan wakany ýatlaýar:

“Ol meni gyzyl çyrada geçdiň diýip aýyplady. Maňa diňe ‘Men jedelleşjek däl. Geliň ulag kamerasynyň düşüren ýazgysyny synlaly’ diýmek ýeterlik boldy. Şol pursatda polisiýa işgäri ‘men ýalňyşan bolmagym mümkin’ diýdi. Ol ýazgyny görjek hem bolmady. Ol ötünç sorap gitdi”.

Dozorow $191 dollara durýan ulag kamerasyny gaty gowy görýär. Ol özüne şeýle kameranyň ikisini satyn alypdyr – birini öz awtomobiline, beýlekisini bolsa skuterine, ýagny ýeňil motosikline berkitmek üçin alypdyr.

Geçen tomusda onuň ikinji kamerasy Moskwanyň merkeziinde Sadowoýe Kolsoda bir maşyn bilen çaknyşanda bahasyny ödäpdir.

Dozorowyň gürrüňine görä, şeýle seredeňde bu çaknyşykda onuň özi günäkär ýaly bolup görnüpdir hem-de moral ýitgisi sebäpli $955 dollar tölemeli ýaly bolupdyr.

Ýöne kamerasyndaky ýazgynyň käbir pursatlary onuň özüniň günäkär däl-de, eýsem awtomobil sürüjisiniň günäkärdigini görkezipdir. Netijede oňa skuteriniň öwezi üçin $1049 dollar tölenipdir.

Ulaga berkidilýän kamera bütin dünýäde satylýar. Ol Orsýetde has meşhur hem bolsa, ony edinen sürüjileriň sany barada statistiki maglumat berilmeýär.

Kezzaplara garşy göreş

Ýol heläkçiliginde ýagdaýy anyklamakda we ýerliksiz jerimeden sypmakda hem-de kezzaplara garşy göreşde şeýle kameralar ulag sürüjilerine uly kömek bolýar.

Dozorow ýol betbagtçylyklaryny emeli döredip, pul gazanýan kezzap toparlaryň Orsýetde köpelendigini aýdýar.

Internetde «avtopodstavka.ru» atly saýt hem bar. Bu saýtda awtosürüjileriň hüşgär bolmaly birnäçe görnüşdäki ýagdaýlary barada maglumat berilýär. Bu saýtyň maglumatyna görä, kezzaplar günde $1000 dollar töweregi pul gazanýar. Şol sebäpden hem bu saýtda şeýle toparlardan goranmak üçin ulaga berkidilýän kameralary edinmeklik maslahat berilýär.

YouTube saýtynda ýerleşdirilen bir wideo sýužetde güman edilýän bir kezzap ýoldan barýan awtomobili ozup geçýärde, öz ulagyny bilkastlaýyn togtadýar we kiçiräk çaknyşygy emele getirýär.

Güman edilýän kezzap ulagyndan çykyp gaharly gygyrýar. Ol garşydaşynyň ulagynda berkidilen kamera gözi düşen dessine polisiýa gelmänkä howlukmaç gaçyp gidýär.
XS
SM
MD
LG