Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl-Hamas: atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk durmuşa geçirilýär


Palestinaly oglanjyk Gaza şehirinde atyşykdan soňky weýrançylygyň içinde milli baýdagyny goterip, öz ýoly bilen barýar, 22-nji noýabr, 2012.
Palestinaly oglanjyk Gaza şehirinde atyşykdan soňky weýrançylygyň içinde milli baýdagyny goterip, öz ýoly bilen barýar, 22-nji noýabr, 2012.

Gaza Sektorynda Hamas yslamçy topary bilen Ysraýylyň arasyndaky bir hepde bäri dowam edip gelen atyşygy bes etmek baradaky ikitaraplaýyn ylalaşyk durmuşa geçirilýär.

Penşenbe güni Gazanyň ilaty atyşygyň ýetiren weýrançylygynyň yzlaryny arassalamak işine girişip, kenar zolagynda adaty durmuşa dolandylar. Hamas penşenbe gününi milli baýram diýip yglan etdi.

Atyşygy bes etmek baradaky ikitaraplaýyn ylalaşyk yglan edilenden soň gije Gaza şäheriniň köçelerinde baýramçylyk alamaty döredi.

Ylalaşyk çarşenbe güni Kairde Müsüriň daşary işler ministri Muhammad Kamel Amr bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton tarapyndan yglan edildi.

Klinton munuň region üçin möhüm pursatdygyny belledi:

Hillary Klinton: 'Bu waka region üçin möhüm pursatdyr".
Hillary Klinton: 'Bu waka region üçin möhüm pursatdyr".
“Bu waka region üçin möhüm pursatdyr. Uzak wagtyň dowamynda bu regionda asudalygy we parahatçylygy saklamakda möhüm rol oýnan Müsüriň täze hökümeti jogapkärçiligi we ýolbaşçylygy öz üstüne alýar”.

Atyşygy bes etmek boýunça Müsüriň araçy bolmagyny ABŞ Ysraýyla maslahat berdi. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu
bu teklibi kabul edýändigini aýtdy.

Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Ysraýylyň ähli harby maksatlaryny ýerine ýetirendigini aýtdy.

Şol bir wagtda Hamasyň lideri Haled Meşal atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga Ysraýylyň “taktiki ýeňlişi” diýip baha berdi.

Häzir taraplar Ysraýylyň Gaza Sektorynda petiklän serhedini açmak mümkinçiligini masalahat edýar.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun ylalaşyk boýunça geçirilen gepleşiklere gatnaşdy we taraplary ylalaşygyň şertlerini berjaý etmäge çagyrdy.

Ýaragly söweşde 161 palestinaly, şol sanda 71 parahat ilat, şeýle hem bäş ysraýylly öldi.

14-nji noýabrda atyşyk başlanaly bäri Ysraýyl Gaza Sektoryna garşy 1500-den gowrak howa we beýleki hüjümini amala aşyrdy. Şol bir wagtda Hamas Ysraýyla garşy 1000 raketa goýberdi.

Ýewropa Bileleşigi atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy gowy garşy aldy. ÝB-niň daşary işler boýunça başlygy Katerin Aşton bu ylalaşykda Müsüriň roluny aýratyn belledi.

Ylalaşyk Müsüriň yslamçy täze hökümetine möhüm ýeňiş getirdi. Hamas Müsüre ýolbaşçylyk edýän Musulman doganlary toparynyň şahasy hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG