Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Küşt mekdebiniň ýerzemindäki jaýy ýapyldy


Aýdymagyna görä, bu küşt sport mekdebinde hersinde 10-15 sany ýaş küştçi bolan 10-a golaý topar türgenleşýär.
Aýdymagyna görä, bu küşt sport mekdebinde hersinde 10-15 sany ýaş küştçi bolan 10-a golaý topar türgenleşýär.
Paýtagt Aşgabatdaky sport mekdepleriniň birnäçesiniň ýerzeminlerde ýerleşýän okuw-türgenleşik jaýlary bir hepde mundan ozal, aýdylşyna görä, wagtlaýynça ýapylypdyr. Aşgabatly küşt treneri ýerzeminlerde ýerleşen bu sport mekdepleriniň jaýlarynyň ýapylmagynyň sanitar-gigiýena şertleriniň pesligi sebäplidigini aýdýar. Ýerzeminlerde ýerleşýän bu mekdeplerdäki şertler barada ýakynda aýratyn habar beripdik.

“Noýabryň 10-laryna sport mekdepleriniň ýerzeminlerdäki jaýlaryny prokuratura barlapdyr. Zerur sanitar-gigiýenik şertleriň ýokdugyny aýdyp, ýapypdyrlar” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik Aşgabat şäheriniň küşt sport mekdebiniň treneri gürrüň berýär.

Aşgabat şäheriniň küşt sport mekdebiniň ýerzemini hem şol ýapylan ýerzeminleriň biri. Ol 14-nji noýabrda ýapylypdyr. Bu küşt sport mekdebi paýtagtyň 30-njy mikroraýonyndaky Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän dört gatly ýaşaýyş jaýynyň ýerzemininde ýerleşýär.

Küşt sport mekdebine öz çagalaryny türgenleşmäne iberýän ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, ýerzeminde ýerleşen bu sport mekdebinde sanitar-gigiýenik şertler ýaramaz.

“Bu mekdebiň otaglarynyň diwarlaryndan suw akyp, içi çyg bolýar. Käwagt kanalizasiýa turbalary hem ýarylýar. Howanyň düzüw wentilýasiýasy bolmansoň ys hem bar. Otaglarynyň yşyklandyrylyşy hem gowy däl” diýip, ogly bu küşt mekdebine gatnaýan aşgabatly Nurmyrat gürrüň berýär.

Şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäheriniň küşt sport mekdebiniň açylanyna 30 ýyl bolýar. Şondan bäri, ençeme abatlandyryş işleriniň geçirilendigine garamazdan, bu sport mekdebinde çagalara türgenleşer ýaly amatly şertler döredilmändir.

“Her näçe remont edilse-de, ýerzeminde ýerleşýän bu sport mekdebinde ýeterlik sanitar-gigiýenik şertleri döredip bolmaýar. Elmydama ýokardan suw akyp, remont edilse-de, edilmedik ýaly bolýar” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly küşt trenerleri gürrüň berýärler.

“Wagtlaýynça başga bir jaý berilse...”

Küşt mekdebine gatnaýan çagalaryň ene-atalarynyň köpüsi küşt sport mekdebiniň ýerzeminde ýerleşen jaýynyň ýapylmagyna o diýen garşy däl. Emma 30 ýyl şol ýerzeminde ýerleşen mekdebiň jaýynyň edil şu ýyl ýapylmagy ene-atalary hem-de trenerleri geňirgendirdi. Sebäbi häkimiýetler şu ýylyň ýaz aýynda bir ýylyň içinde hemme amatlyklary bolan küşt mekdebiniň täze jaýyny gurmagy wada beripdirler.

“Küşt mekdebiniň häzirki ýerleşýän jaýy, dogrudanam, ýapylmalydy. Ýöne meseläniň çözgüdi başgaça bolmalydy. Küşt mekdebiniň häzirki jaýy täze jaý gurlansoň ýapylan bolsa, ýa-da iň bolmanda wagtlaýynça başga bir jaý berilse gowy bolardy” diýip, Nurmyrat pikir edýär.

Aşgabatly küşt treneriniň aýtmagyna görä, küşt mekdebiniň administrasiýasy Köpetdag stadionynyň aşagynda ýerleşýän otaglaryň birinde özüne ýer tapypdyr. Emma okuw-türgenleşik işlerini geçirer ýaly otaglary tapmandyr. Şonuň üçin küşt sport mekdebiniň ýaş küştçüleriniň dyknyşyk ýerde türgenleşmeli bolýandyklaryny aşgabatly küşt treneri gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu küşt sport mekdebinde hersinde 10-15 sany ýaş küştçi bolan 10-a golaý topar türgenleşýär. Küşt mekdebiniň jaýynyň ýapylmagy bilen şol toparlaryň türgenleşmek mümkinçilikleri ýaramazlaşypdyr.

“Häzir biz küşt mekdebiniň ýanynda ýerleşýän Merkezi küşt klubunda türgenleşik geçýäris. Öňem uly bolmadyk klubuň zalynda ýaş küştçileriň türgenleşmegi üçin şertler ýok. Bir wagtda birnäçe toparlaryň türgenleşmegi türgenleşigiň hiline zeper ýetirýär” diýip, ol aýdýar.

Aşgabatly küşt treneriniň aýtmagyna görä, küşt mekdebiniň jaýynyň ýapylmagy ýakynda küşt boýunça geçiriljek ýaryşlara hem öz täsirini ýetirer. Ol bu hakda şeýle diýdi: “Onsuzam küşt boýunça ýaryşlary geçirmek üçin ýer köp däl. Indi bolsa, ýaryşa gatnaşjak küştçileri ýerleşdirmek kyn bolar. Merkezi küşt klubunyň ýeke-täk zalynda uly ýaryşlary geçirmek mümkin däl”.

Aşgabatdaky Merkezi küşt klubunyň ilkibaşda uly we kiçi zaly bar eken. Birnäçe ýyl mundan ozal, onuň kiçi zaly telekeçilere berlip, ol ýerde derman satylýan dükan açyldy. Öňem uly bolmadyk klub has-da kiçeldi.

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän Merkezi küşt klubunyň meýdany 100 inedördül metrdenem kiçi ýalňyz zaly häzirlikçe paýtagtly küştçüleriň ýeke-täk mekany bolup galýar.
XS
SM
MD
LG