Sepleriň elýeterliligi

Eşton Merkezi Aziýa "üstünligi" barada


Indiki hepde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Eşton

Indiki hepde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Eşton

Indiki hepde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Eşton Gürjüstana sapar edip, ondan soň ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlaryna aýlanar. Onuň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň syýasy liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Rokard Žozwiak Eşton bilen söhbetdeş bolup, ÝB-niň Merkezi Aziýa strategiýasynyň maksady, Eştonyň regiondaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna çemeleşişi, şeýle hem Gürjüstanda syýasy şahsyýetleriň tussag edilip başlanmagy bilen bagly Tbilisidäki liderlere aýtjak zatlary bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Siziň ilkinji duralgaňyz Gürjüstan bolar, siz ol ýerde hem prezident Mihail Saakaşwili, hem premýer-ministr Bidzina Iwanişwili bilen duşuşýarsyňyz. Siz olara, esasan hem soňky döwür ol ýerde syýasy şahsyýetleriň tussag edilmeginiň fonunda, näme diýmekçi?

Ketrin Eşton: Meniň bilen ylalaşýan bolsaňyz, biz möhüm syýasy karar alan, demokratik geçişi başdan geçiren Gürjüstany gördük. Men premýer-ministr Iwanişwilä onuň premýer-ministr hökmünde öz gujur-gaýratyny ýurduň ykdysady kynçylyklaryna bagyşlamaga isleg bildirmegini gowy garşylaýandygymyzy we onuň ýurduň daşary syýasatyndaky meseleler barada hem pikir etmeginiň gerekdigini, edýän zatlarynyň ählisini, esasan hem adalat dünýäsinde edýän işlerini açyk-aýdyň görnüşde etmeginiň gerekdigini aýtmakçy.

Prezident Saakaşwilä bolsa, bir tarapdan, özüniň Gürjüstanda eýýäm mirasynyň bardygyny, onuň täze hökümet bilen ýakyndan işleşmeginiň zerurdygyny, özüniň ynanýan zatlaryna, esasan hem Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara ygrarly bolup, Gürjüstany öňe iteklemäge dowam etmeginiň möhümdigini aýtjak. Meniň pikirimçe, bu hem Gürjüstan üçin, hem biziň üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Azatlyk Radiosy: Siz Merkezi Aziýa baranyňyzda syýasy liderler bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa strategiýasy barada gürrüň edersiňiz. Köp tankytçylaryň pikiriçe, bu strategiýa uly söwda-satyk sanawyna meňzeýär. Üstünligi ölçemek üçin öňde belli bir kriteriýalary goýmak has gowy bolmazmy?

Ketrin Eşton: Bu söwda-satyk sanawyna meňzeýär, emma aslynda biziň etjek bolýan zadymyz dürli-dürli meseleleri gozgamakdyr. Siz mamla, biziň ahyrynda etmeli zadymyz – biziň üstünlik kriteriýamyzyň bolmagyny kepillendirmekdir. Üstünlik gazanandygymyzy nädip bileris? Aýdyşym ýaly, ministrler bilen duşuşmagymyň sebäbi – haýsy ýollar arkaly, haýsy ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edenimizde iň uly üstünligi gazanyp biljegimizi olar bilen bile işleşip, kesgitlemäge çalyşmakdyr.

Men bilim boýunça has köp iş etmek isleýärin. Biz raýat jemgyýetçiligine we bu ýurtlaryň ykdysady taýdan öňe gitmegine goldaw bermek isleýäris. Şonuň ýaly-da, muny başarmak üçin, biz ölçeglerimiziň, hyzmatdaşlygymyzyň we çeşmelerimiziň ýerinde bolmagyny gazanmaly.

Azatlyk Radiosy: Adam hukuklary meselesini gozgamakçymy? Merkezi Aziýa ýurtlaryny adam hukuklaryna has ýakyndan göz-gulak bolar ýaly edip bolanokmy?

Ketrin Eşton: Bu hemişe meniň dialogymyň bir bölegidir. Şeýle hem bu bize onuň iş ýüzünde nämäni aňladýandygy barada gürrüň etmegimize mümkinçilik berýär. Bu zenanlar üçin nämäni aňladýar? Bu zenanlar üçin, diňe bir syýasy manyda däl-de, ykdysady manyda hem nämäni aňladýar? Şuny hem aýdyp geçeýin, men ykdysadyýetleriň zenanlar hem gatnaşdyrylanda has üstünlikli bolýandygyna ynanýaryn, olar has köp üstünlik gazanýarlar. Bu öz syýasy nukdaý nazaryna eýe bolmak isleýänler üçin näme diýmek? Dini azatlykda nämäni aňladýar? Maýyp adamlar üçin nämäni aňladýar? Tapawutly adamlar hökmünde hormat goýmaly adamlarymyz üçin nämäni aňladýar? Meniň geçirjek gepleşiklerim barada aýtsak, ÝB-niň geljekde bu ýurtlar bilen nähili ýagdaýda işleşjekdigini göz öňünde tutanymyzda, bu meseleler bar bolan şol dialogyň esasy bölegi bolar.

Azatlyk Radiosy: Emma siz haýsydyr bir gyzyl çyzyk goýduňyzmy? Sizde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başarmaýandygyny aýdar ýaly mümkinçilik barmy?

Ketrin Eşton: Haýsydyr bir ýurt bilen işleşeniňde, üzňelik bilen ysnyşygyň arasyndaky ýodada bolýarsyň. Biz dünýäde iş alyp barýan ýerlerimiziň ençemesinde şol ýodanyň ugry bilen hereket edýäris. Meniň şahsy ynanjyma görä, üzňeleşdirmek örän seýrek ýagdaýda netije berýär. Ysnyşmak köplenç öňe alyp gidýän has gowy ýoldur, emma ol prinsipleriň esasynda ysnyşmakdyr.

Şeýle hem bu işleriň öňe gitmegini gazanmak üçin edilýän ysnyşykdyr. Muňa wagt gerek, aňsat hem däl. Mesele köplenç adamlary birzady etmegiň has gowy ýolunyň bardygyna ynandyrmakdyr. Olaryň özbaşdak karar alýan ýurtlardygy hem hormata mynasypdyr, gürrüň biziň öz garaýyşlarymyzy ornaşdyrmaga dyrjaşmagymyz barada hem gidenok. Gürrüň dialog, çekeleşik barada, ylalaşýan bolsaňyz, hormat goýýan zatlarymyz boýunça öňegidişlik gazanmagymyza şert döredýän syýasy işleriň dogry görnüşi barada gidýär.
XS
SM
MD
LG