Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2002: 25-nji noýabr wakasynda tutulanlaryň hukuklary


Türkmenistanda bir türmäniň daşyndan alnan surat. 10-njy iýul, 2008 ý.
Türkmenistanda bir türmäniň daşyndan alnan surat. 10-njy iýul, 2008 ý.
Mundan on ýyl öň, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanan onlarça adam ýapyk sudda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Halkara hukuk toparlary bu tussaglaryň işine gaýtadan seredilmegine çagyrýar.

Şol bir wagtda, 25-nji noýabr wakasy bilen bagly tussag edilen adamlaryň maşgala agzalary öz tussag garyndaşlaryndan on ýyl bäri habarsyzdyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň "Adam hukuklary" gepleşiginiň nobatdaky sany şu meselä bagyşlandy. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG