Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ABŞ-nyň medeniýet günleri geçirilýär


Paýtagt Aşgabatda we Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde ABŞ-nyň medeniýet günleri geçirilýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, 23-25-nji noýabr aralygynda geçirilýän bu çärede amerikan suratkeşleri, sazandalary, alymlary we zergärleri çeper filmleriň, sergileriň, simpoziumlaryň we konsertleriň üsti bilen türkmen raýatlaryny amerikan medeniýeti bilen tanyşdyrarlar.

Aşgabadyň, Marynyň we Türkmenabadyň ýaşaýjylary nýu-ýorkly meşhur aşpez Jim Lahiniň “Çörek-milletiň ruhy” atly prezentasiýasy, “Amerika suratlarda we foto-suratlarda” atly sergisi, Amerikan zergäri Stiw LaRansyň gatnaşmagynda Türkmen-amerikan şaý-sepleriniň sergisi bilen tanyş bolarlar.

Medeniýet günleriniň çäginde Smitsonian institutyndan gelen alymlaryň gatnaşmagynda simposium we beýleki birnäçe köpçülikleýin çäreler geçiriler.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, bu çäre mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň medeniýet günlerine gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag hatyny ýollapdyr.
XS
SM
MD
LG