Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairde oppozisiýanyň ýörişi bilen bagly howpsuzlyk çareleri güýçlendirilýär


Anna güni howpsuzlygy berkitmek maksady bilen Müsüriň paýtagtyndaky möhüm döwlet edaralarynyň daşyna howpsuzlyk we harby güýçleri ýerleşdirildi.

Ýurduň oppozisiýasy yslamçy prezident Muhammad Morsiniň konstitusion reformalaryna garşy Kairiň Tahrir meýdançasynda köpçülikleýin protest ýörişini geçirmekligi planlaşdyrýar.

Penşenbe güni Morsiniň öz ygtyýarlyklaryny giňeltmek baradaky permanyny goldaýanlaryň we oňa garşy durýanlaryň ýörişi geçirildi.

Yglan edilen bu perman “rewolýusiýany goramak üçin islendik çäräni geçirmäge we islendik karary bermäge” prezidente ygtyýarlyk berýär.

Morsiniň bu permany prezidentiň kararlaryny sorag astyna almaga sud organlaryna ygtyýarlyk bermeýär.

Oppozision syýasatçy, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Muhammad El-Baradeý “Morsi ýurtda ähli ygtyýarlyklary öz eline aldy we özüni Müsüriň täze faraony diýip ykrar etdi. Bu rewolýusiýa garşy urgudyr” diýdi.
XS
SM
MD
LG