Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda janyndan geçen hüjümçiniň azyndan iki adamy öldürendigi aýdylýar


Owganystanyň gündogardaky Wardak welaýatynyň resmileri janyndan geçen diýlip güman edilýän hüjümçiniň azyndan iki adamy öldürendigini we 40-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Talybanlar Wardak welaýatynyň paýtagty Maidan Şarda ýüz beren bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstlerine alýarlar.

Söweşiji toparyň sözçüsi Zabihullak Mujahidiň aýtmagyna görä, bu partlama çarşenbe güni Kabulda owgan döwleti tarapyndan tussag edilen dört sany talybanyň jezalandyrylyp öldürilmegi sebäpli ar almak üçin gurnalypdyr.

Owganystanyň resmileriniň maglumatyna görä, partlama anna güni owgan polisiýasynyň we esgerleriniň türgenleşik geçirýän desgasynyň golaýynda ýüz beripdir.
XS
SM
MD
LG