Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulman ýurtlarynyň liderleri hyzmatdaşlygy giňeldýär


Sekiz musulman döwletiniň liderleri ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we hyzmatdaşlygy berkitmek barada penşenbe güni karar kabul etdiler.

Pakistanyň, Eýranyň , Indoneziýanyň, Nigeriýanyň prezidentleri, şeýle hem Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan, Müsüriň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň liderleri penşenbe güni Yslamabatda geçirilen Ösýän sekizligiň (D-8) sammitine gatnaşdylar.

Sammitde D-8-lige girýan döwletler bilelikdäki permany kabul etdiler. Bu permana laýyklykda, globallaşdyrmanyň täsirinden halas bolmak üçin agza-döwletler dialogyň esasynda ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga söz berýärler.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari geljek iki ýylda D-8-lige ýolbaşçylygy Nigeriýanyň prezidentinden kabul etdi.

D-8-lik 1997-nji ýylda Musulman dünýäsindäki ösýän ykdysadyýetleriň arasynda has ýakyn gatnaşyklary berkitmek üçin döredildi.
XS
SM
MD
LG