Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl bomba partladany tussag edendigini aýdýar


Ysraýylyň häkimiýetleri Tel Awiwde awtobusda bomba ýerleşdirenlikde güman edilýän adamy tussag edendiklerini habar berýärler.

Bomba partlamasy çarşenbe güni 27 adamy ýaralady.

Güman edilýän adamyň Taýbeh şäherinden Ysraýylyň etniki arap raýatydygy aýdylýar. Resmiler onuň Hamas söweşiji we Yslamçy Jihad toparlary bilen baglanyşygynyň bardygyny aýdýarlar.

Tel Awiwiň merkezinde awtobusyň içinde ýerleşdirilen bomba uzak aralykdan dolandyrylýan enjam arkaly amala aşyryldy. Şondan birnäçe sagat soň partlamany amala aşyranlykda güman edilýän adam ele salyndy.

Bu partlama Ysraýyl bilen Gazadaky söweşijileriň arasynda atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşyga howp abandyrýar.
XS
SM
MD
LG